1990-yillarda Demirgazyk Koreya duş gelen açlyk hakykatdan hem gorkunç bolupdy, her güni köçelerde ölenleriň täze jesetleri peýda boldy we umytsyzlyk käbir adamlary "adamhorlyga"ýüz urmaga mejbur etdi. Bu hakda Demirgazyk Koreýaly gaçgyn we adam hukuklarynyň tarapdary Çjihyon Pak gürrüň berdi.
Pak azyk-owkat bilen bagly meseleler 1990-ýyllaryň başlarynda başlanandygyny we köp wagt geçmän halkyň köpçüligi örän kyn ýagdaýda galandygny aytdy. Agasy(kakasynyň dogany) hem açlykdan wepat bolupdy. «Men onuň jesedini görenimde,ol adama meňzanokdy. Diňe deri bilen gaplanan süňkler bardy", - diýýär.
Diri galmak üçin maşgala hemme mal-mülküni satmagy gerekdi. Olar hemme zady iýdiler:kökler,tohumlar, iýilýän otlar, deňizde tutulan midiýa hatda alakalara çenli. "Adamlar açlykdan akllaryny ýitirdiler,başgalary öldürdiler we iýdiler. Olar hatta çagalary hem şeýtdiler.Adamlaryň bu derejä barmagy üçin açlyk nähili güýçli bolmalydy?" - diýip gürrüň berýär ol.
Iýun aýynyň ortalarynda KHDR lideri Kim Chen In Koreya Işçiler partiýasynyň Merkezi plenumida söz sözläp,ýurtda açlyk bolmagynyň mümkindigi hakynda yglan etdi.Onuň sözlerine görä,2020 ýylda dörän tayfun sebäpli azyk-owkat önümlerinde kynçylykly ýagdaý emele geldi.Öňüräk,ol eýýäm partiýany we ýurt raýatlaryny täze"Agyr kampaniya" taýýar bolmaga çagyrypdy.Ýurt ykdysady krizis we 1990-ýyllardaky gorkunç açlyk döwrüni şeýle atlandyrýarlar.
Mecnun 3 years ago- bizide 2013-2014 yyldaky b.n denap gorsen kop zat uytgapdir . Adamlar ilki b.n adamcylygyny iyyan eken