Hytaý döwlet howpsuzlyk ministriniň orunbasary Dun Szinvey gyzy bilen ABŞ-a gaçyp gitdi, diýip Daily Beast habar berýär hytaý dilindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerine esaslanyp.

Neşiriň maglumatlaryna görä,Dun Szinvey fewral aýynyň ortalarynda Wuhan wirusologiya instituti hakynda maglumatlary Waşingtona ýetirmek üçin Hytaýy terk eden.Beýle maglumatlar prezident Jo Bayden hökümetiniň SARS-CoV-2 koronawirusynyň gelip çykyşy baradaky pozisiýa täsir etmegi mümkin.

KHS(köpçülikleýin habar beriş serişdeleri) bu maglumatyň tasdyklanmandygyny belleýärler, emma eger ol tassyklansa, Dun Szinvey Hytaý taryhyndaky ýokary derejedäki duşmana aýlanmagy mümkin.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir