3. 

...Oglunyň işden gelenini aýak sesinden aňan Towşan süssenekläp daş çykdy. 
― Geldiňmi oglum? 
― Geldim eje. Akgam öýdemi? 
Towşan pagsadan salnan iki otagly jaýyň maňlaýyndaky «egen--tegene» tarap elini salgady. 
― Akgaň-a şoň içinde bir zatlara güýmenip otyr. Kakaňam jaýda. Ikisem iýmän-içmän saňa garaşyp otyrlar. 
― Men naharly eje. 
Gökböri şeý diýdi-de, «egen-tegeniň» yşyndan yşyk görnüp duran köneje gapysyny itdi. 
Gapy «jygyldap» açyldy. 
Tüsseläp ýanýan gara çyranyň öçügsi ýagtysyna boş peşeňlerini oklap oturan Aždar gyzyl tapan gul ýaly ýyljyraklap gapydan giren inisiň ýüzüne seredip «gübür-gübür» etdi. 
― Hä-ä... inibatyr gel, geç... 
Gökböri agasynyň çat maňlaýynda ornaşdy. 
― Näme awa taýynlanýaňmy? 
― Şeý diýseňem boljak. 
Ine, hä diýmän möwsüm açylar. Gyş düşer. Birdenem «güpledip» gar ýagar welin, zatlaryň taýyn bolmasa awa çykyp bilmersiň. Ýeri, bolýa-da, hany, gür ber, özüň nähili? 
Gökböriniň gözleriniň gyýtagyndan uçgun syçrady. Sesi diýseň joşgunly çykdy. 
― Men-ä agam jan, awuma sataşaýdym öýdýän. 
Ýüz-gözi inisine meňzäp duranam bolsa, oňa görä birneme akýagyzrak Aždar böküp ýerinden turanynam bilmän galdy. 
― Aý ýog-a?.. 
Agasy bilen deňine towsan Gökböri, içini ýelden doldurdy-da, öküz «hyňrygan» ýaly: 
― Hm-m... ― etdirdi. 
― Onda näme dursuň, başla-da hekaýatyňa... 
Gökböri şu günki başyndan geçiren zatlarynyň barysyny başdanaýak gürrüň berdi. 
― Sen onuňam özüňi gowy görenini bilýäňmi? Ynanýaňmy? 
― Güman edýän. Umyt edýän. 
― Olar ýaly bolsa... Gullukdan öň «şark-şurk» alaly. Toý edeli, gaýdyp geleňde öňüňden ogluň ýa gyzyň bökjekläp çykar ýaly gow-a bor. 
― Ol bolmaz agam. Birinjiden-ä entek oň näme diýjegi belli däl. Ikinjidenem ol entek ýaş. Ýaňy bir on altysynda. Okuwçy. Onsoňam meň öňümde agam barka, öýlenip bilmen-ä. 
― Aý, on-a bir zat etse bordy welin... ýöne... şü... ýaş diýeniň... çatagrak ekeni-dä... 
Aždar azajyk böwrüni diňläp oturdy-da: 
― Onda nädeli diýsene... ― Ol inisine tarap ýapyryldy. ― Sen onda ýaňkyň ýaly garynja gatnawyňy goýmadajyk, ony özüňe gowy öwrenişdir. Aýtjak wagtyň diliňe badak atylan ýaly sakawlap durmazlygyň üçin özüňem oňa öwreniş. Erkin gepleşmäni öwret. 
Gulluga gitmeziň öň ýanam gepleş. Razylyk bererem welin, «şark-şurk» ejemi ibäris. Sen gelýänçäň hiç kim göz dikmez ýaly alajalarys. 
Maslahat bitdi. 
Şondan soň Gökböri kakasynyň oturan jaýyna girdi. «Hä» diýmän Aždaram geldi. Soňky döwürlerde birneme gözi kösseýişen Towşan nahar getirdi. Soň ol öz okarasynam getirmek üçin, daş işikdäki tä, gyş düşýänçä hojalyga aşhana bolup, hyzmat edýän «agyljagaza» tarap ýöneldi. 
Üýşüp nahar iýdiler. Ondan-mundan gürrüň etdiler. Ýöne, oglanlar özleriniň «göleli sygyr» baradaky maslahatlaryny ata-enelerine äşgär etmediler. 

4. 

Gökböri agasynyň aýdyşy ýaly etdi. Aksoltanlara «zygyr--zygyr» gatnaberdi. Özem göze düşmez ýaly traktorly däl-de, pyýada gatnady. 
Öňi bilenem: «Ýatymlyk gidiläýmegem ahmal» diýen bahana bilen, hut şol, ilkinji baran gününiň ertesi, daň bilen ejesinden bir syrdambitinräk, kiçiräk keçe, iki sany ýorgança aldy. Eltip berdi. 
Işe ugrajak bolup duran Aksoltan düşekler orta güpläp düşenden: 
― Heý-wa-a!.. ― diýip sag eliniň arkasyny çep eliniň aýasyna urdy-da, «jak-jak» edip güldi. ― Munyň näme Böri-i?.. 
― Büý-ä, eje, biziň bilen eýýämden goşuny birikdirip ýör öýdýän. 
Ýuwaşrak aýdanam bolsa, Zerkäkiliň bu degişmesi şeýle bir jaýdar boldy welin, hatda aýdara söz tapman aljyrap duran Gökböriniň özem ulyili bilen «wahahaýlap» güleninem bilmän galdy. Ol: 
― Sowuk düşmänkä pejem guraryn... Ýa «mor» gursammykam? Aý, ýok, mora odun köp gerek bor. Onda-da kömür ýa ojar. Hiç-laý, gerek bolsa onam taparys... ― diýip, özbaşyna samraýan ýaly «gümür-sümür» etdi-de, zut çykyp gitdi. 
Olar ýaly kiçijik obanyň içinde o dagy näme, ondan kiçijik syrlaram iki günüň içinde äşgär bolýa. 
Bu gezegem şeýle boldy: 
Ýöne: «Häý şol-a bolmandyr-ow» diýen-ä bolmady. Gyz tarap-a, näme, tutuş raýona belli, atly bagşy «halk duşmany» diýlip tutulanam bolsa, onuň kimdigini bilmeýän ýok. Awçam obada sylanýan adam. Tutup gelen awuny ýeke iýen gezegi ýokdur. Häzir welin ol syrkaw. Bir gezek onuň awy ompa oturdy-da, şondan bäri ýaranok. Şeýle-de bolsa boş oturanok. Dili agraýdy. Girip-çykmasy kynaldy. Ýöne, şol bir sylagly kişiligine welin galdy. 
Towşanam öz wagtynda elýetmez gyzlaryň biridi. «Äri-är bolanyň aýaly şir bor...» diýlişi ýaly, Peleň awça barandan soň, abraýy hasam artdy. Ýöne, göz boldumy, dil boldumy, gözüne gül düşdi-de, soňky wagtlarda onuň örüsi daraldy. 
Oglanlaram hiç neneň däl. 
Inisinden bäş ýaş dagy uludygyna garamazdan Aždaryň henize çenli öýlenmän ýörenini il-gün onuň gyzlara gözüni haladybilmän ýörendiginden ýa başga bir zatdan görenok. Sebäbini bilmänem duranoklar. Ýagny, ol uçursyz wäşi märekeman, şoh adam bolup ýetişdi. Aýdym-sazyň dagy ölemen aşygy. Esasanam Külal bagşy ýaly dessançy bagşylary gowy görýär. Külal bagşyny dagy goňşy obalaryň haýsynda bolsa-da, gidip diňläp gaýdardy. Goňşy raýonlara gidýän gezeklerem bolman duranokdy. 
Onuň öýlenibilmän ýörendiginiň esasy sebäbi ana, şol! Çünki, ol özüniň aljak gyzynyňam ýeke bir ýüz-keşbiniň däl, wepadarlygynyňam, mähir-muhapbetliginiňem edil, şol dessandakylar ýaly bolmagyny isleýär. höwes edýär. Tapybilmän kösenýär. Ejesiniň tapýan gyzlarynyň daga ýekejesine-de göwni ýetenok. 
Ýöne, dessanlaryň içinden çykyp, göz öňünde gaýmalaşyp ýören Zöhredir ― Senemiň, Hüýrlukgadyr ― Saýadyň haýsam bolsa birine, haçanam bolsa birmahal duşjakdygyna, onuň bilen durmuş gurup, çoh-çoh döwranlar sürjekdigine welin ynanýar. 
Gökböri babatda hem oba adamlary gowy pikirde. 
Hemmesiniňem ady çöl haýwanlarynyňka gabat gelip duransoň, käbir diline şeýtan siýenleriň oýunmy-çiglik bilen ― ýöne özleri ýok ýerde ― «haýwanlar» diýäýdiklerem bolaýýar. 
Ýöne, birinjiden-ä ol lakam oba arasynda gaty bir ýörgünli däl, ikinjidenem şony aýdan adam gaty bir halanmaýar. 
...Wagtyň geçmegi bilen Zerkäkilem günsaýyn ese-boýa galyp, göze göründi gitdi oturdy. Ýüzi nurlandy, gözleri jöwherlendi. Boý aldy. Saçlary ösdi, reňk açdy. Ýaňaklary al öwüsdi. 
Bu ýagdaý Gökböriniň oňa bolan yşgyny hasam joşdurdy. Her gezek gürleşende öňküsine görä oňa bir daban golaý durasy, egnini--egnine kaklyşdyryp, agzyny-agzyna golaýladasy, ysyndan ganasy, saçlarynyň ujuny oýnasy, nähilem bolsa bir hoşnutdan gelen ýakymly söz aýdasy, mähribanlyk bildiresi geldi. 
Emma, terbiýesi gaty düýpden bolan gyzyň gaşlaryny çytyp, gözleriniň içine gazaply garamagy, dodajyklaryny çommaldyp bir zatlar diýmäge synanyşmagy bilen Gökböri gepsiz-gürrüňsiz gaýra çekilýärdi we howul-hara hoşlaşyp, gitmek bilen bolýardy. 
...Hä diýmän onuň gulluga gitmeli wagtam gelip ýetdi. 
(dowamy bar)

Juma Hudaýguly

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir