― Dogumlyja gyzdygyn-a şo wagtam aňdym welin, edil bular süýji nahar bişirilbilýändir, aş kesip bilýändir diýip dag-a oýuma-da getirmändim.
Şondan soň Gökböri özi hakda gürrüň berdi. Mekdebi üç ýyl mundan öň tamamlandygyny, şondan bärem kolhozyň başlygy Meretli aganyň «woýenkomad» bilen gepleşip, ýeke-täk traktorçy hökmünde özüni gullukdan alyp galyp gelýändigini, ýöne, indiki geljek ýylyň ýazynda hökman gitmeli boljakdygyny aýtdy.
Ýöne, gürrüň şol ýere ýetende, Zerkäkiliň ýüzüniň üýtgäp, nepis gaşlarynyň çytylyp gitdi. Gökböri ondan bihabar galdy we Aksoltana Külal bagşyny birnäçe gezek diňländigini, şeýle-de, ol hakda, köp zatlar bilýändigini, hatda telim gezek, toýlarda gapdalynda oturyp diňländiginem, gaty bir gurply ýer bolaýmasa, toýda düşen pullaryňam hemmesini bir hülle ýaglyga düwüp, toý eýesine gowşuryp gaýdýandygyny gürrüň berdi.
― Şoň üçinem, ine, öýümiziň goşy tüýs: ― towuga ýükläbermeli-dä ― diýip, Zerkäkil gözlerine ýaş aýlady. ― Ile kömek etjek bolup, özüňkileriň ryskyny kemseň bolýamy? Hatam taýyň keýigi halas etjek bolup, möjegi aç goýşy ýaly.
― Goý gyzym, beý diýme ― diýip, Aksoltan özüne ýaplanyp oturan gyzynyň ýüzüne gyýalap garady. Çümmüklän şekilde aýasyny onuň budunyň üstünden ýöredip goýberdi. ― Oňa derek ol hakda adamlar gör, nähili ýakymly sözler aýdýar. Ýagşylykda ýatlaýarlar.
Elbetde, ol wagtlar hiç öýde-de ýalpyldap duran mebel, sowutgyç, telewizor ýa haly-düşekler ýokdy. Ýöne, her ýagdaýda-da pukara-pukara, barly-barly bolýa. Zerkäkiliň öz güzeranlaryndan kemsinýändigini aňan Gökböri assyrynlyk bilen öýüň içine göz aýlady. Ýere mazaly göwşülläp, gülleri sal-sal bolup duran keçe düşelen. Onuň işik tarapyna goşmaça hökmünde çuwalyň arkasy ýazylan.
Diwarda daşyna arzanjak gök reňkli çit matadan gap tikilen dutar asylgy dur. Bir burçda gulpsyz, kiçijik sandyk dur. Üstlerine çeker ýaly ýorgan-ýassyk barmy-ýokmy biler ýaly däl. Amanyňkyda goýýan ýa şonuňka gidip ýatýan bolaýmasalar görünýän ýerde-hä hiç zat ýok.
Zerkäkil ýaňy ir bilen Gökböriden eşiden zatlaryň gylyny gyrman ýa şo ýerde, ýa öýe gelenlerinden soň, aýdyp beren bolmaly, çünki, ugrajak wagty ol myhmanynyň ýüzüne garap:
― Sen dogry aýdypsyň, jan jigi. Hakykatdanam, ýamanlaşyksyz oba ýok ekeni. Göçüp gelenimize bir aý bolup-bolmanka menem çagyrdylar-a, kantura.
― Aý ýog-a?..
― Hüm-m...
― Näme diýdiler?
― Sen, diýdiler, çagaňa dini dessanlardaky atlardan dakypsyň diýdiler. Men: «Ony dakan adam dünýäde ýok» diýdim. «Ol ýok bolsa, sen ba. Seňňem hiläň bar-a şo çagada. Sendenem sorandyr-a, «Näme goýaly çagamyzyň adyna diýip?» Näme üçin «Nadežda» diýip, Krupskaýanyň adyny ýa-da «Klara» diýip, Setkiniň adyny dakdyraýmansyň» diýdiler. Menem oňa «Umuman-a bu gyz enesiniň ady dakylan. Biz muňa Ejeş diýýäs» diýdim.
Gökböriniň gözleri ýaldyrap gitdi.
― Kimlerkän-aý olar?
― Bir-ä wöýelli eşikli. Şäherden gelipdir. Birem, neme, kolhozyň partorgy Aýtmät aga. «Üstüňden arza bar» diýip, ilki başlanam şol. Menem näm bolsa şol bolsuna saldym-da: «Siziň öz adyňyz-a biziňkidenem beter. Ýeke bir dini at däl-de, hakyt, dini döreden adamyň ady. Ýa «mät» sözüniň «Mämmet» sözünden, «mämmet» sözüniň «mähemmet» sözündendigini, «mähemmet» sözüniň bolsa «muhammet» sözünden gelip çykýandygyny il bilýän däldir öýdýäňizmi? Ol tarsa ýerinden turdy-da: «Aý, nadan! Dilbilmez! O wagtlar sowet ýog-a! Patyşalyk düzgün-ä o wagtlar!» diýip gygyrdy. Stoly ýumruklady. Gapdalyndaky adam ony köşeşdirdi. Jogapkäriň soragyna jogap bermek seň borjuň däl» diýdi. Ine, ertir şähere çagyryp, dykmaly ýerine dykarys welin, baý, saýrar-a diýdi.
Dogrusy men gorkmanam durmadym. Bir ellerine düşeňsoň, näme etselerem dadyňa ýetişjek ýokmuşyn diýip eşidýädim. Şeýle--de bolsa: «Ýatyp galandan atyp galaýyn» diýdim-de, beýle yhlasly bolsaň, Aýtmät aga adyňyza sowet gelensoň bir ýalňaraýmaly ekeniňiz-dä, bir toklujyk soýup, ýa dözmediňizmi? «Wladimir» diýip Leniniň adyny, «Iosif» diýip Staliniň adyny dakaýmaly ekeniňiz-dä diýdim. Onsoňam atly meseläni bir ýana goýalyň-da siz ýalňyşmaýan bolsam, hoja adamsy. Öwlat çagasy. Öwlatlar bilen palçawikleriň haýsy köprüde syrtlary kaklyşypdyr. Ýa siziň kimdigiňizi raýkomyň işgärleri bilenoklarmyka diýdim. Şondan soň wöýelli adam zatlaryny ýygnaşdyryp, gapa tarap ugrady. Aýtmät aga-da onuň yzyna düşdi. Işikden çykmanka yzyna öwrüldi-de:
― Bar ýok bol, dars daban! Gaýdybam şu mesele boýunça «Meň ýanyma geläýme» diýip, jynssyz gygyrdy. Men: «Bu mesele bilen Aýtmät aga şu wagtam özüm gelemok. Sizi göresim gelibem gelemok. Çagyrdyňyz. Ýöne sataşanymyza görä, duruň, gitmäň, siziň ogul-gyzlaryňyzyň, dogan-garyndaşlaryňyzyň çagalarynyňam atlaryny seljereliň. Beýleki öwlatlara-da birlaý garap geçeliň». Wöýelli ýerinden turdy hasanaklap!.. Gapa ýöneldi. Aýtmät aga-da onuň yzyna düşdi. - Aksoltan uludan demini aldy-da, «ýyrş-ýyrş» etdi. ― Şondan soň gulagym dynaýdy, Böri jan. Geň ýeri, şondan soň oba arasynda «Yždan», «Waraşil», «Lazar», «Kalin» diýen ýaly atlar döräp başlady. Ondan-mundan «Ejä-ä-ä, Waraşil syçdy...» «Yždan balagyma siýdi...», «Gyzym, bar, Kaliniň götüni süpür» diýen ýaly gelşiksiz sözler eşidilip başlady.
Şonuň üçindir-dä, ol çagalaryň atlary derhal täzelendi. Aýtmät aganam basmadylar welin, işinden-ä aýyrdylar.
Aksoltanyň ähli gürrüňlerini aşak bakyp diňläp duran Gökböri burnuna salyp «mydyr-mydyr» etdi.
― Oba arasy bolansoň, o zatlardan biziňem habarymyz ýog-a däl welin, ýöne seň bilen baglydyr, diýip ýadymyza-oýumyza-da düşenok.
― Aý, onuň meň bilen baglydygyny hiç kimem bilýän däldir. Men-ä hiç kimiň ýanynda aýdamok. Olaryň özler-ä asla-da aýtmazdylar. ― Ol henizem bir burçda ýylgyrjyrap oturan gyzyna seretdi. ― Şol zatlary dogrusy Käkil janam bilýän däldir.
...Ýüz-keşbi möjegiňkä meňzeýänem bolsa, Gökböriniň juda adamkärçilikli ýigit ekendigi barada, ol traktoryny «tarladyp» gidenden soňam eneli-gyz ikisi gürrüň edişip köp oturdylar. Aksoltanyň göwnüne iň ýaran zat ― gitjek wagty Gökböriniň: «Hiç zady gaýgy etmäň, gelneje. Hemme zat gowulyga bolar. Düzelişer. Bizem ýagdaýymyzyň ýetdiginden kömek eder durarys» diýen sözleri boldy. Onuň bu sözlerine hasam Zerkäki begendi.
Umuman, naçarlaryň ikisem hossar tapan dek begendiler. Eginlerinden agyr ýük aýrylan ýaly uludan demlerini aldylar.
...Aýaklary sansyz paltaly traktoryny kolhozyň saraýynda goýup, tä öýlerine barýança, Gökböri özüniň basym gaýynenesi bolaýmagy ähtimal bolan aýala «gelneje» diýmelimi, «ýeňňe» ýa başga bir zat diýmelimi, ine şol hakda oýlanyp gitdi. Ahyram: «Elbetde, daýza diýmeli» diýen netijä geldi.
(dowamy bar)
Juma Hudaýguly
Namys ýesiri-3 (powest)
-
Korolewa
3 years ago
- IMMKN, ertir goyyan nesip bolsa
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Uyshurip okasan gyzykly gidyan eken
06.07.2021, 17:30
IMMKN 3 years ago- @korolewa жора, языбера, гоянокла