Zerkäkil çöpüniň ýüpüni çözmänem unudyp, aýal-gyzlaryň sesleriniň gelýän tarapyna tutdurdy. Hüňürdisini welin kesmedi. 
Bu wagt ümür gutarnykly sabapdy. Tüýs: «Ümürli günüň öýläni» diýleni boldy. 
...Biz ýaňy howlukdyk. Gökböriniň ýüz-keşbini aýdypdyrys-da, hüý-häsiýeti barada hiç zat aýtmandyrys.
Indi aýtsak, ol mylakatly, uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly gepleşip bilýän salykatly ýigit. Esasanam mähirli. Gürrüňdeşini derrew özüne çekip, ynamyna girmäni başarýar. 
Ýöne, onuň bu häsiýetini ýaňkyja gyz nähili kabul etdikä? 
Gökböriniň özi-hä ol gyza bir bakyşda aşyk bolana döndi. Uzynly gün gyzyň bir enaýyja hereketleri gözleriniň öňünde gaýmalaklap, guşuň çagasy ýaly kä «jürrüldäp», käte «jüýpülläp» çykýan sesjagazy bolsa, aňynda köwsarlady durdy. Hatda onuň gahar gatyşykly aýdan öýkeli sözlerem süýjülikli duýuldy. Uzynly gününi günüň ýaşaryna, garaňkynyň düşerine garaşyp geçirdi. Ýüregi birsyhly atygsap, nirädir bir ýana howlugýan ýaly boldy durdy. 
Köpden bäri gözläp ýören ýitigini tapan dek, göwni ýap-ýaňyja kalbyna giren Zerkäkiliň keşbine tarap owsundy. 

2. 

Zerkakiliñ Aman daýym diýýäni köpden bäri keselbendräk ýatan adamdy. Onuň öýüni Gökböri emgenmän tapdy. Aýdyşlaryna görä, ol Zerkäkiliň ejesi Aksoltandan kiçi bolmaly. Aksoltan hut şoňa sygynybam gelipdir. Ýöne, öň özi oturan, hütdüjek jaýyny beräýmekden başga uyasyna edibilen kömegi bolmandyr. 
...Traktoryň sesini eşidenden Zerkäkil aýaklary ýalaňaç «düňküldäp» das cykdy. Gökböri ýuwaş, ýöne azmly seslendi. 
― A gyz, näme, öljek bolýaňmy? Bar, gir-de, köwşüňi geýip çyk. 
Zerkäkil ony diňlemegem islemedi. Gaýtam: 
― Ölüm bize kär edenok. Ölsegem derrew direlýämişik. Kakamam basym direljekmişin... ― diýip, «jykyr-jykyr» güldi-de, çöplerini düşürmek üçin demriň üstüne dyrmaşdy. 
Edil şol wagtam Gökböriniň sözlerini tassyklamakçy bolýan ýaly, golaýdaky ortasy däliz bilen ikä bölünen pessejik, palçyk jaýyň çep tarapdakysyndan Amanyň ýüregiňi endirediji üsgülewügi eşidildi. 
Gökböri Zerkäkili garbap alyp diýen ýaly, plugdan düşürdi. Oňa çenli gapyda Aksoltan göründi. 
― Ine-dä, şeýle-dä şü. Zyňlan «jyk-jyk» ýaly bar zadyň arasynda-da ― diýip, gyzyna käýindi. Soňra ol garaňkylykda ýüzüni görübilmese-de, goltugy çöpli: ― Hany, nirä goýmaly myny... ― diýip, bir duran ýerinde pyrlanyp duran Gökbörä ýüzlendi. 
― Gurgunmysyňyz, sag-aman geldiňizmi? Getirdiňizmi? 
― Tüweleme, iş bitirdiň. Goýaý, ho-ol, tamdyryň başynda... A-ýuw, Ejeş jan, görkez gyzym tamdyryň nirededigini... 
Çöp-çalam isleri birýüzli bolandan soň, Gökböri ýöremek üçin häliden bäri «tar-tar» edip işläp duran traktoryna münmäge hyýallandy. Aksoltan baryp onuň egninden aslyşdy. 
― Wiý, jigi, nirä? 
― Meniň adym Gökböri. 
― Gökböri jan, nirä? 
― Gideýin gelneje men indi. Eglensem ejem gaýgy eder. 
― Aý, gaýgy edesi ýok-la, öz obamyzyň oglanysyň-da... Menem şu obaň gyzy. Gir, ine, «jazlyja» unaşam bişirdik, öçür traktoryňam. 
― Ony öçürsek soň otlamasy kyn bolýa. Kän eglenmän turarynda... 
Zawut ýagdan boşan çüýşäniň içine nebit guýlup, pagtadanam pelte edinen, kellesine-de haýsydyr bir döwlenmi ýa bir ýerlerden tapylyp getirilen, çäýnek gapak oturdylan «çyranyň» halys röwşensizdigine garamazdan Aksoltan myhmanynyň ýüzüni aýyl--saýyl gördi. 
Garym-gatymy ýetik, üstesine ýaglyja süzme bilen aklanan unaşy içip oturyşyna Gökböri zordan eşidiler ýaly: 
― Beý unaşy şeýle inçejik kesip bolýanyny birinji gezek görýän. 
Adam pahyrda näme göwün bar. Aksoltan şojagaz öwgä-de pagyş-para boldy. 
― Tagamy nähili? 
Biri elinden alyp barýan ýaly, Gökböri çemçesini gyrasyna söýäp, iki elinem okaranyň üstüni gabsady. 
― Tagamy hakda-ha gürrüňem ýok. ― Ol ýene-de çemçesini eline aldy. ― Ýöne aşyny şuňňaly inçe kesýän maşgala şu obada-ha bardyr öýdemok, Aksoltan gelneje. 
― Aý, ilçilikdir, köşek, bardyr, bilýän dälsiň. Asyl menem şuny şu obadan öwrenip gitdim. Ejeş jana-da men öwretdim-ä. Şunam şo kesdi-dä: Taraktyrçy üşäp geler diýip, gyzyl burç atdyrynam şü... 
Gökböri başyny ýaýkady. 
― Tüweleme. ― Soň ol geleli bäri ilkinji gezek Zerkäkiliň ýüzüne seretdi. ― Dogumlyja gyzdygyn-a şo wagtam aňdym welin, edil bular süýji nahar bişirilbilýändir, aş kesip bilýändir diýip dag-a oýuma-da getirmändim. 

(dowamy bar) 

Juma Hudaýguly

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir