Hormatly Nirvana. Kyn görmeseňiz size haýyşym bar, kömek etseňiz gowy boljak. Saýty floodlaýan jandarlaryň häsiýet analizi we hereketlerindäki motiwi hakynda pikirleriňizi aýtsaňyz.
Internedäki jezasyzlyk we eden herekediňden jogapkär bolmazlyk
Içde ýatan basyk ezilen kişilik, belki çagalykdan galan ene ata ýada dostlardan çekilen kynçylyk
Egoism, ýada läliklik. Ene ata tarapdan jogapkärsiz mes ýetişdirilen çagalyk
Başga psihi bozulmalar, antisosiýal we şm
Belki ýaşy kiçilik, hazir akly goýalmadyk, çagalyk
Belki ýazyp başarmazlyk we ol sebäpli emele gelen görüplik
Sen şu işiň profesionaly bolup gaýrat edip bu jandarlaryň içki dünýäsinde bolup geçýäni düşündiräý.
Goşmaça informasiýa; hassamyzyň sözleri "meniň göwnüme degýärler, men hem size şu ýeri ulanmaz ýaly ederin"
Ýada belki biz ters düşünýändiris, aslynda bular saýtda adalat üçin goreşýän gizlin gahrymanlardyr.

Sorag-jogap, .Leyla tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir