"Hormatly okyjy! 
Doly güýjümde işläp bilmändigim zerarly ýüze çykyp biläýjek käbir kemçilikler üçin ötünç soraýaryn..." 
Awtor. 

1. 

Ýurdy endireden tutha-tutlyk döwrüniň iñ bir aldym-berdimli ýyly bolan, müň dokuz ýüz otuz ýedinji ýylyň güýzi, adamlaryň göwnüne bolmasa, hemişekilerine garanda has gazaply gelen ýaly boldy. 
Ot-çöpler hazan urup mizan çalandan soň, kolhozyň maýda ekinler ekýän gökçülik brigadasynyň aglabasy aýal-gyzlardan ybarat daýhanlary bu gezegem hemişekileri ýaly hasyly sowlup, çyp-ýalaňaç galan çöp-çöňürlerden arassalamaga girişdiler. 
Adatça olar çöpleri bir gyra üýşürip otlaýýardylar, soňky wagtlarda aýallaryň haýsydyr biriniň göreldesine eýerip, çöpleriň pomidor, badamjan ýaly birneme agaçlyraklaryny tamdyr towy üçin arkalaryna alyp, öýlerine äkitmäni çykardylar. 
Çöp-çöňürlerden boşan meýdany üç ýyl mundan öň mekdebi gutarandan soň, iki ýyl MTS-e gatnap, raýon möçberinde iň ökde şofýor hem traktorçy hasap edilýän edilýän Bykowskiniň elinde tälim alan Gökböri agdaryp gidýärdi. 
...Sürümiň ilkinji güni joýaly pelleriň bir çetinden girip ugran wagty, entek, kyrk-elli ädim geçip-geçmänkä, Gökböriniň öňünde garalyp duran bir üýşmek çöp göründi. Ony basgylap ötübermäge ýigidiň ynsaby çatmady. Saklandy. Traktordan böküp düşdi-de, daş-töweregine garanjaklady. «Çöp kimiňki» ― diýip, gygyrjak boldy. Emma howa ümür bolansoň, kolhozçy aýal-gyzlaryň sesleri eşidilse-de, özleri görünmeýärdi. Şonuň üçinem, çöpi Gökböriniň özi gyra çykararman boldy. Şol wagtam, lemmer-lemmer bolup ýerden göterilýän ümür-dumanyň arasy bilen sozulyp-büzülip, kä görnüp, kä ýitip ylgaşlap gelýän çepiksije gyzyň göwresi göründi. 
Çöpi goltuklamak üçin bir eglen ýigit gyzyň özüne tarap gelýänini görüp dikeldi. 
― Çöp siziňkimi? 
Gyz dodajyklaryny çommaldyp geplände ujy jaýtarypjyk duran burunjagazlarynyň ganatlary ýellenip gitdi. Sesi edil ýaga gowrulan dilli tüýdügiňki ýaly diýseň dury çykdy. 
― Howwa, biziňki. Ejem ikimiziňki. Düýn göteribilmän goýup gitdik. Ümür bolansoň siz beýle ir gelersiňizem öýtmedik. Asla gelersiňizem öýtmedik. 
Gyzyň ýüzünden gözüni aýrybilmän duran ýigit ony tanamady. 
― Kimiň gyzy sen? 
― Dessançy Külal bagşynyň. ― Gyz indi birneme deminden düşüşdi. ― Sen bizi tanamarsyň. Biz bu oba täze göçüp geldik. 
― Nireden? 
― Garamandan. 
― Haýsy Garamandan? 
― Ikinji Garamandan. 
― Aýdýan-da, öz obamyzyň gyzlarynam tanabilemok diýip, öz-özüme igenip durdum. Munça bolanyna görä, adyňam aýt... 
― Zerkäkil... Ejeşem diýýäler. 
― Näme ady dakylanmy? 
— Howwa. 
— Beh!.. 
― Hä? Behiň näme. 
― Dessançynyň gyzydygyň bes-belli-dä. Dessançy Külal bagşyny tanamaýanam, bu jelegaýda diňläp görmedigem ýokdur. Ýogsa-da, men näme üçin ony göçüp geleniňiz bäri görmändirin? 
Gyzyň gözlerine ýaş aýlandy. 
― Kakam ýok. Ony üç ýyl mundan ozal tutdular. Sibir etdiler. Şu tomusam onuň «öldi» haty geldi. Ony ýamanlap tutduranam şol obaň adamlary. Öz oturyşyp-turuşyp, aýdymyny diňläp ýören adamlar. Dostlary. 
― Näme diýip ýamanlapdyrlar. 
― Dini dessanlar aýdýa, diýip. 
― Häý, zalymlar. 
― Şondan soň ejem Sähetdurdy daýyma: «Bizi ol oba äkit, biz indi bu obada ýaşap bilmeris» diýdi. Şeýdibem, göçüp gaýtdyk. 
― Wah-eý, bagşy agaň-a yzy ýarasyn, bolmandyr. Ýurdam garşy alsyn, ýöne, bu wagt ýamanlaşyksyz-a oba ýokdur, jigim... 
Zerkäkil uludan demini aldy. 
― Görübermeli borus-da. Ýöne indi bizde ýamanlara adamam ýok. 
Gyz ýigidiň ýüzüne gyýalap garady.
(dowamy bar)

Juma Hudaýguly

Edebiýat, Korolewa tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir