Ýokary depginde dowam edýän Türkmenistanyň milli çempionatynda 3-nji tapgyryň oýunlary oýnaldy. Bu tapgyrda 3 oýunda deňlik bolup, 1 oýunda ýer eýeleri, 1 oýunda-da myhmanlar ýeňşini baýram etdiler. Soňky çempion HTTU myhmançylykda “Merw” bilen duşuşyp, 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady (Yhlas Pälwanow 32-Berdi Şamyradow 90). Şeýlelikde iki toparam bu möwsümdäki 3 oýnuny-da deňme-deň tamamladylar. Balkanabadyň “Nebitçisi” öz meýdançasynda “Ahaly” 3-0 hasabynda utup, oçkosyny 7-ä çykardy. Duşuşygyň gollaryny Didargylyç Urazow (15) bilen Mämmedaly Garadanow (55, 80) derwezä ýollady. Paýtagtymyzda oýnalan duşuşykda “Talyp Sporty” “Şagadamy” kabul etdi we 1-0 hasabynda utuldy. Oýnuň ýeke-täk goluny bolsa 8-nji minutda Arslan Paizow öz adyna ýazdyrdy. “Altyn Asyr”-“Turan”, “Aşgabat”-“Lebap” toparlarynyň arasyndaky oýunlarda bolsa hasap açylmady. Geçirilen 3 oýundan soň “Nebitçi” 7 oçko bilen sanawda 1-nji orunda barýar. Ýurdumyzyň milli çempionatynda 3-nji tapgyryň netijeleri: “Merw”-HTTU: 1-1, “Nebitçi-“Ahal”: 3-0, “Altyn Asyr”-“Turan”: 0-0, “Aşgabat”-“Lebap”: 0-0, “Talyp Sporty”-“Şagadam”: 0-1.

Köneler, zhirkov85 tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir