Jyn «jenne» kökünden gaýdýan kelemedir. «Jennet» we «Jinnet» hem şol bir kökden gaýdýar. «Mejnun» sözi bolsa ismi mefuldyr we jynlanan ýaly manyny berýär. Biz oňa dällirän diýýäris. Jyn sözüniň aňladýan maynsy bolsa «mestur» diýmekdir. Jyn diýmek ýapyk, görünmeýän diýmekdir. Ýagny, aslyýetinde bar bolup, biziň üçin ýapyk, bize görünmeýän, ýa-da akyl almaýan diýmekdir. Şeýle hem, birine köňlüni beren, tutulan, özüni alyp barşyny we hereketlerini biziň ölçeglerimiziň çäginde düşünmäge ýagdaýy bolmadyk kimselere-de «mejnun» diýýäris.

«Jennet» hem bir seretseň häzir biziň üçin ýapyk, mestur bolany üçin ol hem jynlar äleminde, ol hem gaýyp bir zat...“Jinnet"sözi däli bolmak haly manysyndadyr. Jyn hem – Allahu älem – bütin bu işlere esbap görnüşinde aç-açan täsir edýän faktordyr.

Jynlaryň barlygy gadym döwürlerden bäri jedel edilip ýörlen bir hususdyr. Elbetde,ruhlar, melekler hem şeýledir. Aslynda, beýik pygamberler olary görüp synlanlaryndan, asfiýa bilen olaryň gürleşmelri bolanyndan we millionlarça ähl-i keşf olaryň bardygyny kabul edeninden soňra maddadan başga hiç zady görmeýän bäş-üç materialistiň dawa-jenjeliniň näme ähmiýeti bolsun... Şeýle hem görmeýän zatlarymyzyň bir gidenini kabul eden bu döwrümizde olaryň bardygyny inkär etmek ynsapsyzlyk hem-de artykmaç özdiýenlilikden başga zat bolmasa gerek...

Aýratyn-da, jynyň dünýäniň çar ýanynda millionlaryň gyzygan meselesi görnüşine gelen döwründe we bu ugurda uly tejribe toplan alymlaryň olar bilen meşgullanýan döwründe.

Jynlaryň bardygyna garşy gidýänleriň nämä esaslanyp garşy gidýärleri hem düşnüksiz. Näme ynsanlar bar bolan zatlaryň hemmesini görýärlermi, jyny görmeýändikleri üçin oňa ynanmazçylyk eder ýaly? Biz bilýäris, görme babatda nazarymyzyň öňündäki zatlaryň diňe milliondan dört-bäşisini görüp bilýäris. Ýagny, million dürli barlyk, million dürli mahluk bar bolsa biz diňe onuň dördüsini ýa bäşisini görýäris, galanlaryny görmeýäris. Soňra görmediklerimizi dürli gurallar bilen görmäge çalyşýarys. Meselem, makro älemdäki zatlary teleskop bilen, mikro äleme degişli zatlary hem mikroskop bilen, olardan galanlaryny rentgen şöhleleri bilen görýäris. Belkide geljekde örän köp zatlary täze gurallar we enjamlar bilen görmegimize mümkinçilik dörär...

Bu meselede bir ylym adamynyň aýdyşy ýaly, her açylan zat, heniz açylmadyk ägirt älemiň üstünden eltýär. Şeýlelikde, şu älem-i şahadat, görünmeýän gaýyp älemiň öňüne tutulan nagyşly perdedir. Jynlar, melekler, ruhlar bolsa şol perdäniň aňyrsyndadyr. Gurally-guralsyz, şol äleme aralaşyp bilşimiziň çäginde, perdäniň aňyrsyndaky barlyklar bilen tanyşmak mümkinçiligimiz boljakdyr.

Meseläniň başga bir tarapy-da şudur. Jyn hem ruh ýalydyr... Aň-düşünjeli bir barlykdyr. Jisimler bilen ägirt planetalaryň arasyndaky dartyş kanuny ýaly barlykdyr. Bu kanun bilen Günüň daşyndan Ýer togalagy aýlanýar. Dünýä hem çalt bir hereket bilen elektronlaryň aýlanyşy ýaly aýlanýar. Dünýä Günüň daşyndan bu çalt hereketi bilen aýlanýarka, Gün ony özüne dartýar. Bu merkeze çekilmegiň garşysyna merkezden daşyna itilmek hem bar. Bular bir kanundyr, otnositel gymmaty bolan kanunlardyr…

Bu ýerde üýtgeşik bir zat ýok diýersiňiz, olam jisim, bu-da jisim, kiçisi ulusynyň daşyndan aýlanýar… Hawa, eger bu ýerde hiç zat ýok bolsa, bu ýagdaý nädip düşündiriljek? Bu isle Nýutona görä dartyşma kanuny bolsun, Isle Eýnşteýne görä otnositellik teorýasy bolsun netije üýtgemez…

Meselem, bir tohum, onda ýaşaýyşyň düwnçegi bar. Bir görseňiz bir ýerde ülüşjik çykyp gelýär, nahal bolýar, gök ot bolýar, agaç bolýar, emma gürrüňsiz öz jynsyndan bir zat bolýar. Munda bir ulalmak, ösmek kanuny bar. Bu otnositel bir kanundyr. Emma, bu kanun bolmasa ösüp ulalmak diýen zat bolmazdy. Meselem, bir daşy ýere sançsak, bu kanuna girmeýändigi üçin ol ösmezem, ulalmazam…

Ine bular Allahyň bir kanunydyr, jyn we ruh diýýänimiz hem muňa meňzeş kanunydyr. Arada şu tapawut bar.

Dartyş kanununyň akly, erk-eradasy, aň-düşünjesi ýokdur. Emma bu jyn kanunynyň, ruh kanunynyň, melek kanunynyň akly, aň-düşünjesi boluşy ýaly, olaryň barlygy otnositel bolman hakykydyr. Şonuň üçin asyryň beýik akyldary Bediüzzaman Said bin Mirza, şu wagta çenli gören taryplamalaryň iň çuň manylysyny, iň giň mazmunlysyny iň çeper şekilde şeýle beýan edýär: «Ruh emr älemine degişli aňy bar bolan bir kanundyr» ýagny, «Ruh Rabbiniň emrindendir» (Isra, 85) hakykatyny başgaça edip şeýle gysga aýtmak mümkinem däldir. «Ruh diri, aňly, nurdan, mysaly bedeni bolup jemleýji, bütewi hakykat döretmäge ukyply emr älemine degişli bir kanundyr. Eger tebigatdaky kanunlara Halyky Kadyr mysaly beden geýdirse, her biri bir ruh bolar. Eger ruh beden lybasyny çykarsa, başyndan hem aňy aýrylsa olam üýtgewsiz ýöne bir kanun bolar.» Aslynda, bu ýerde hemme zat düşündirilipdir. Ruh siziň iň kiçi älemden iň ulu äleme çenli ählisinde ykrar eden kanunlaryňyz ýaly özbaşyna bir kanundyr, emma onuň aňy bardyr. Galyberse-de, käbir ylym adamlarynyň tassyklamagyna görä gök otlar ösende olarda bir aň-düşünje duýulýar. Meselem, bir kysym habarlara, duýduryşlara jogaplar, töweregi bilen tanyşmak, bile joşmak ýa-da öwrenmek ýaly zatlar syzylyp, gözegçilik edilipdir. Agaçlarda-da şeýle... Size bir žurnalda bu meselä degişli ýazylan ýazgydan mysal getireýin. Ol ýerde şeýle ýazylýar: «Meniň gelen netijäme görä, arpa, bugdaý ýaly ösümlükleriň başlary aň-düşünjelidir. Çünki, olaryň edýän hereketleri şeýle bir düşünjelidir, arpa, bugdaý we şulara meňzeşlerde aň, akyl, paýhas bolmazdan bu hereketleri etmekleri mümkin däl.»

Meselem, bugdaý ýaňy bir ülüşkä başyny toprakdan daşyna çykarýar, töweregine garanýar, eger töweregindäki şertler iki sany gol çykarmaga mümkinçilik berýän bolsa iki gol çykarar. Howa gowy, çyglylyk ýeterlik, gün şöhleleri hem ösmäge ýakymly bolsa üç golam çykaryp biler. Üç gol çykarsa, diýmek şertleriň oňatdygy belli bolýar. Eger şertleri ýaramaz bolsa bir gol çykarar. Misli, «Men bir gol çykarmalydym» dýýän ýaly ösüşini dowam etdiriberer… Bir agaç kesellese, özüni halas etmek üçin miwelerini döker. Oba hojalygy bilen iş salyşan daýhan nähili düşünse düşünibersin, kesellän miwe däl, agaçdyr. Ýagny, agaç: «Men miwelerimi ulaldyp biljek däl, menden aýp etmäň. Şu ýagdaýym sebäpli men öz aladamy etmäge mejbur. Häzir maňa özüm gerek» diýer. Biz bu gün muny doly manyda bilmeýäris. Geljekde şeýle işleriň ählisini eden bir mehanizmiň ösümliklerde bu ýagdaýlary buýrup durandygyny öwreneris. Bütün bular Allahyň kanunlarydyr.

Nädip öýjükleriň içinde DNK molekulasyna şol bir zatlar berilýär ol ony derňeýär, şifr bilen RNK-a geçirýär. RNK-a bolsa ussat hünärmen, himik ýaly alan şifrine görä işläp bejerýär.

Biziň düşünişimize görä aňly mahluk diňe jyn we ynsandyr. Haýwanlar duýgy bilen, sewki ylahy (instinkt) bilen hereket edýär. Emma olaryň bu aňly hereketleriniň aňyrsynda ýene Allah (j.j.) bardyr. Hawa, her bir zady belli bir nokada ugrukdyran, her bir zady belli bir istikamatda kemala getiren Allahdyr. Emma, ortada inkär etmejegimiz, Allahyň goýan kanunlary bar. Bu kanunlar şeýlebir üýtgeşik we hökmürowandyr, ynsan olara daşyndan seredip aň-düşünjedir diýesi geler...

Käbir kimseler töwerekde şeýle zatlar bolup durka, jynlary nädip inkär edýärler, ynsan muňa jogap tapmaýar we jynyň bardygyny inkär edenlere «jynlan bolaýmasalar» diýesi gelýär. Çünki müň sany kanun bar, hemmesi-de edil jynlar ýaly akyp dur. Diýmek, meseläniň mümkinligi babatda şübhe ýok. Meselem, olar elektron akymynyň bir görnüşi bolup bilmezlermi? Dykgat ediň, elektron akymynyň özi diýmeýäris... Kurany Kerimde Allah «Jyny marij we ataşdan ýaratdyk» (Rahman, 15) diýýär... Fotonlar we partiküller bilen düşündirilip bilinjek bir zat. Emma, ne foton, ne partikül marij-u ataşdan ýaradylan däldir. Ynsan ýaly jogapkär, nimlatif, inçe ýardylan barlyklar... Bular ýaly barlyklaryň bolmazlygy üçin hiç bir sebäp ýok. Bolup bilmejekdigini öňe sürmek bir jähtden jedelkeşlik we mantyksyz nazarýetdir.

Esasy zat bu meselede asyl söz Kurana degişlidir we Kurany Kerimde näme diýilýändigini bilmekde peýda bar. Kurany Kerim ynsan barada söz açan ýerinde yzyndan bir ummat, bir millet hökmünde jyn taýpasynyň hem ýaradylşyny-da beýan edýär. Meselem, ynsanyň «fahhar» ýaly «salsaldan» ýaradylandygyny anyk aýdandan soňra jyn taýpasynyň üstünde durýar we «Jyny marij we ataşdan ýaratdyk» (Rahman, 15) perman edýär. Ataşyň bir görnüşinden ýardylypdyr emma, bu ataş ne bir şöhle, ne-de lawyrdap ýanýan ot, ne-de diňe kömür ýaly gara tüsse. Diýmek jynlar maddanyň esaslaryndan bolup töweregine uçgun syçradýan bir ataşdan ýaradylypdyr. Kurany Kerim jynlaryň durky barada şeýle maglumat berýär. Nebiler bilen birlikde ähl-i keşf we sahabalaryň arasynda jynlar bilen görüşenler bolsa, olaryň, umuman, temessülleri bilen görüşip-gürleşipdirler, gatnaşyk açypdyrlar. Hawa, jynlar latyf bir madda bilen aňly bir ruha eýe bolup, bu iki hususyň jemlenmeginden emele gelen, aýratyn bir ýaradylyşa eýedir. Ýaradylyşynyň aýratynlygyna görä dürli şekillerde görnüp bilerler. Bu babatda aýnalaryň aýratynlygyna görä şekilleriň üýtgeýändigini ýönekeý şert hökmünde unutmaly däldiris.

Latyf zatlar bolan jynlar maddy äleme degişli «ot we marijden» dörän barlyk bolamak bilen birlikde, edil biziň ýaly madda hökmi ýöreýän bir ruha sahypdyrlar we aňlary bardyr. Aňlary bolan soň jansyzlardan we beýleki jandarlardan tapawutlanyp, edil biziň ýaly aň-düşünjeli, paýhasly, jogapkär barlyklaryň hataryna girýärler. Şonuň üçin olar hem biziň ýaly Allaha ynanmak, namaz okamak, oraza tutmak, zekat bermek bilen jogapkärdirler. Diňe marij we ataşdan ýaradylan jynlar birnäçe hususlarda biziň ýaly bolmak bilen bir hatarda şekillerini hem üýtgederler. Ýagny, jynlar düýşlerde bir kysym ynsanlaryň ruhy älemlerine girişleri ýaly, düýşden daşynda-da şekillerini üýtgederler we ynsanlaryň ýaşaýan älemini olar bilen paýlaşyp bilerler. Sen kakaňy, kakaň doganyny, daýyňy, eneňi düýşüňde gördügiň, olaryň şekillerine şaýat boldugyň... Edil şonuň ýaly bu dünýä bilen ahyret arasyndaky älemdäki bir kysym belgileri göz öňüne getirşiň ýaly, jyn älemi-de islän wagty şekilini üýtgedip ýer ýüzünde ynsanlara görnüp bilerler. Emma, bu olaryň asyl durklary däldir. Görünen ynsanlarynyň ruh aýnalaryna düşen şekilleridir. Ýagny, şekili kabul edip alyjynyň başarnygyna we ukybyna görä şekiliň şöhlelenmesidir. Şonuň üçin jynlary Hezreti Omar (r.a.) bir başga, Ebu Hüreýre (r.a.) bir başga, Ebu Zerr (r.a.) hem başga bir şekilde görüpdir. Meselem, Ibni Mesut Resulyllahyň (s.a.w.) ýanynda jyny bir kölege şekilinde görýär. Hezreti Omar syrdam, görmegeý ynsan şekilinde, Ebu Zerr bolsa düýbünden başga şekilde görýär. Bu göze görünmeler jynlaryň şekillerini üýtgetmek ýagdaýlarynyň başga-başgadygyny görkezýär.

Indi bolsa biragyz jynlaryň çagyrylmasy barada hem gürrüň edeliň. Bu gün hususanda özüni medeniýetli hasap edýänleriň arasynda dürli jemgyýetler, dürli at we ugurlarda bu iş bilen meşgullanýan bir giden ynsan bar. Uly ölçegde bu metempsihik jemgyýetler has köp jyn çagyrmak, ruh çagyrmak işleri bilen meşgul bolýarlar. Hawa, has öňräkler «ruh we madda», has soňra «Ruh dünýäsi» žurnalyny çykaranlar, olaryň okyjylary we olaryň pikirdeşleri bu mesele bilen has köp meşgul bolýarlar. Hatda meseläni has ilerledip ruhlary we jynlary surata düşürendiklerini aýdýarlar. Jynlar we ruhlar biziň hökümimiziň astyna girip bilerlermi? Bar bolan mümkinçiliklerimiz bilen olary görüp bilerismi, bilmerismi? Bularyň islendik wagt jedeli eilip bilner...

Jynlary çagyryp görner ýaly etmek meselesine gelsek, ahyrzamanda jynlaryň arasyna aralaşmak has-da öňe ilerlän derejede boljak. Belki köp meselelerde, ýagny älemi şahadata degişli meselelerde – çünki olar hem gaýyby bilmezler – olaryň kömegi bilen habarlar almak, jynlardan ybarat howpsuzlyk ulgamyny döretmek, jynlaryň ruhuna has uýgun işlerde olary ulanmak meselesi bu günki ylmy gözlegler munuň mümkindigini görkezýär.

Jynlaryň çagyrylmagyna degişli şeýle köp zatlary eşidip, okaýarys welin, indi bu mesele her kesiň kabul eden meselesine öwrüldi. Bu meselä degişli özüm bilen baglanyşykly bir wakany gürrüň bereýin. Bir syrkawa bir kitap alyp barýardym. Entek basgançaklardan ýokary çykyp başlamankam hassa: «Ol kitaby alma diýýärler» diýip gygyrýar. Edil şonuň ýaly kitabyň näme baradadygyny bilmeýän hassa ony goltugyna gysyp: «Hezreti Hamza geldi diýip gaçýaňyzmy?» diýip gygyrmaga başlady. Çünki ol kitapda Hezreti Hamzaň ady geçýärdi. (Kitapda Bedir sahabalarynyň isimleri sanalýardy...)

Edil şonuň ýaly, haýyr-sahawat edaralarynyň birinde işleýän bir arkadaşymyzyň galmaly bolan jaýynda wagtal-wagtal zatlaryň hereket etmesi, gapylaryň zor salynyp açmakçy bolunmasy, sagda-solda gezmeleýänleriň göze görnendigi ýaly wakalary görenler bolupdyr. Men hem şol ýerde iki-üç sagat galamda birnäçe wakalaryň şaýady boldum...

Psihiýatr bolan bir arkadaşym bu ýerde ofiser bolup gulluk edip ýörkä bir zamanlar şaýat bolan bir wakasyny maňa şeýle gürrüň berdi. «Bir ýerde käse ulanyp ruhlary çagyrýardylar. Käse aýlanyp bellenilen harplaryň deňine ýetip soraglarymyza jogap berýärdi. Men elimi käsäniň üstüne goýdum. Onuň hereket edýänini gördüm. Käsäniň stoluň üstündäki harplaryň, at ýazgylarynyň deňine aýlanşyna üns berdim. Birdenem ruhlary çagyryp otyrkak şeýtan geldi. «Kimsiň?» diýdik. «Şeýtan» diýlip ýazyldy. Biziň endamlarymyz tikenekläp gitdi. Hezreti Adamdan bäri ynsanyň ezeli duşmany, üstesine-de çagyrylman durka gelipdi. – Saňa Miwäniň altynjy bölümini okasam diňlärmisiň – diýmek aklyma geldi. – Dňlärin – diýdi. Menem okamaga başladym.

- «Bir ajaýyp şäherde millionlap elektrik çyralary hereket edip her ýeri gezýärler, ýanmak maddalary gutarmaýan ýasalyşdaky elektrik çyralary we fabrikasy aç-açan elektrigi dolandyran, çyralary ýasan, fabrikany guran we ýanyjy maddalary getiren bir mugjyzakär ussany we deňi-taýsyz gudratly bir elektrikçini haýranlar galmak bilen we gutlaglar bilen tanatdyrar. Alkyşlar bilen söýdüler.» Nähili gördüň?

Hawa, gaty gowy.

Edil şonuň ýaly hem bu älem şäherinde dünýä saraýynyň üçegindäki ýyldyz çyralary, bir kysmy – kosmografiýanyň aýdýanlaryna seredilse – ýer togalagyndan müň essesindenem uly we top okundanam ýetmiş esseden çalt hereket etselerem düzgünlerini bozmaýarlar, biri-birine çakyşmaýarlar, sönmeýärler, ýangyçlary tükenmeýär. Okaýan kosmografiýamyzyň aýtmagyna görä ýer togalagyndan bir million essedenem uly, bir million senedenem köp ýaşaýan we bu Rahmanyň myhmanhanasynda bir çyra we bir peç bolan Güneşimiziň ýanmasynyň dowamy üçin her gün ýer togalagynyň deňiz suwlarynyň mukdaryça nebit ýangyjy we daglary ýaly ýygylan odun gerek. Gün we onuň ýaly belentdäki ýyldyzlary nebit ýangyçsyz, odunsyz, kömürsiz ýandyran we söndürmeýän, bilelikde, ýokary tizlikde hereket etdirip biri-birine çakyşdyrmaýan bir soňsuz gudraty, soltanlygy yşyk barmaklary bilen görkezen bu ajaýyp älem şäherindäki dünýä köşgüniň elektrik çyralary we edaralary nähili derejede ol mysaldan has beýik has kämildir... O derejede siziň okan we okajak elektrik ylmyňyzyň masştaby bilen bu gözümiziň alnyndaky ajaýyp Älemiň Soltanyny, Münewwerini, Müdebbirini, Saniyny ol nurana ýyldyzlary şaýat görkezip tanatdyrýar. Tesbihlar we takdyslar bilen söýdürýär. Belende göterýär».

Muňa garşy örän gaharly «Ýok, ýok» diýip ýazdy.

Indi oňatja diňle: «Nähili üýtgeşik dermanhana bu, her çüýşejiginde täsin we anyk usullar bilen alynan şypa beriji dermanlar bar. Bu elbetde örän ussat himik we lukman bir dermanhanaçyny görkezýär.» Dogrumy?

Dogry.

«Şýele hem ýer togalagy dermanhanasynda bar bolan dört ýüz müň dürli ösümlikler we haýwanatlar çüýşesindäki janly, mäjum dermanlar jähtinden bu bazardaky dermanhanalardan näçe dereje kämil we uludygyny lukmançylyk ylmynyň masştabynda ýer togalanyň iň beýik dermanhanasynyň dermanhanaçysy bolan Hakim-i Züljelaly hatda kör gözlere-de görkezer we tanadar». Bir zat soramagyma maý bermän ylalaşmaýanyny bildirdi.

Ýok ýok...

Men okaýarkam mysallara «hawa», mysallardan gelip çykýan netijelere-de «ýok» diýdi durdy. Soňra oňa «Jewşeni» okaýynmy diýip teklip etdim. «Oka» diýdi. Men «Jewşenul Kebiri» okaýarkam käsäniň üstüne elimi goýdum. Ol şeýle bir çalt aýlanýardy barmagym bilen saklap bilmeýärdim. Şol arada käse ýere gaçdy. Soň bolsa «Goý, şu degişmäňi» diýip ýazyberdi...

Bu mesele babatda uly ýagşyzadalaryň biri şeýle diýýär: «Şu asyrda käbir kişiler maddy bedenlerini taşlasalar şeýtan bolarlar. Şeýtanlara-da maddy beden geýdirseň döwrümizdäki käbir ynsanlar ýaly bolarlar.» Ynsan we jyn şeýtanlaryna üns berlen mahaly olaryň sözleri, garaýyşlary, pikirleri meňzeşdir. «Goý, şu degişmäňi»... Şeýtanyň bolşy käbir ynsan sypatyndakylarymyza nähili meňzeýär!

Käbirleri «Ruhanylary, ýagşyzadalary çagyrýarys» diýýärler, emma aslynda gelýänleriň jynlar bolmagy has ähtimaldyr. Şeýdip olar jyna we şeýtana özlerini oýnadyp, masgara bolýarlar. Bu iş has çynlakaý, has çuňňur öwrenilen wagty belki peýdaly zatlara ýol açylyp bilner diýip pikir edýärin. Häzirkileriňki bolsa masgaraçylykdan başga bir zat däl...

Sorag-jogap, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir