Biznes motiwasiýa:öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.

*****

You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…

*****

Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.

*****

Uborka etmegiň yzgiderligi:

Tekjeleri süpürmek.

Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.

Ýadap, goýbolsun etmek.

*****

Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňkileri ýuwmaly.

*****

Gyzlar bilen üýşenimizde “Buýruk ýa-da hakykat” oýnadyk. Gyzykly bolsun diýip “buýruk” saýladym. Öýüňe git diýdiler. Gaty agyr degdi…

*****

Şu durmuşyň maňa beren yekeje plýus zady bar, olam gan toparym.

*****

Ejem sapaklaryma taýýarlanyp oturanymy görende, gözlerine yaş aýlandy. Taşladym indi okamok, ejemi her gezek aglatmana dözemok.

*****

Bir tanyşym internetden “Nädip adamy aldawa salmaly” atly kitap sargapdyr. 6 aý geçdi entägem kitapdan habar yok.

*****

“Nirä barýaň” diýen soraga “Häzir gelýän” diýip jogap berýän bolsaň, onda sen bizdensiň.

*****

Çagalygymyzdaky iň uly ýalan: gel çagam hiç zat etjek däl.

*****

Jerry-niň örän içýakgynçlygyny bilip, Tom üçin gynanýan bolsaňyz, onda Siziň ulalanlygyňyzdyr.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir