Gitseň git etjegim aglaryn zaryn,
Unudaryn, erk ederin özüme
Ýene düşjek bolsa saňa nazarym.
Ellem bilen çüý kakaryn gözüme


Gitseň git, saklamaň gitsin gümüne,
Näme onsuz aýym günüm sönýami?
Aýak basman gadam basan gumuna
Ondan gowsy terk ederin dünýämi.


Gitseň git, adyňy tutsa dillerim,
Ýetmiş gyrkyp bokurdaga dykaryn.
Saňa tarap uzadaýsam ellerim,
Döwüp-döwüp odun ýaly ýakaryn.


Nurana Arslanowa

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir