Men bu gün enäni gördüm,bo-eý Gadym zamanlarda Ahal topragynyň günorta-günbatar çetinde bir oba bardy.Onuň ilersi daglyk gaýrasy giden düzlikdi.ýaz çykyp, toprak janlananda,adamlar mal-garal aryny sürüp,ýazlyga giderdiler. Ol obanyň ýaşulusynyň gyzyna Ene diýerdiler.Ol özüniň owadanlygy bilen beýleki obalarda bellidi.Arly gyş öýünden çykman oturan Ene ýazyň heýjana getiriji bark ur- ýan hoştap ysyny işdämenlik bilen demine sorup doýup bilmeýärdi.Bir sapar Ene gözenekden töweregi synlap oturşyna, Enekesiniň adyny tutup gygyranam düýman galdy.Enäniň ýanyna enekesi geldi. --Ähli syrym bilýän enekäm! Şu gün meniň ýüregim näme isleýär ? hany aýt ! Kempir enäniň suluk ýaly barmaklaryny öz eliniň aýasyna emaý bilen aldy : --Bibim,men bilmän,kim bilsin seniň isleg-arzuwňy.Seniň gül-çemenli baýyrlarda keý -ik kimin bökjeläsiň gelýär. --Wah, enekäm,göwnüm bol-a.Meniň baýyra gezelenje gitjegimi atama-da aýt. Çoralarymy alyp Jümjüme,çigildem,Gazynjak çemen bogunjak. --Ataň-a balam, säher bilen mallarym diýip,sähra gidişi atlylary bilen.Sen,guzym gitseň git,ýöne köp eglenmän geleweri.Oba şu wagt çoladyr.Özüň bilýäň-ä adamlaryň köpüsi ýazlaga çykdy.Bilip bolmaz,bolmajasy bir iş bolaýsa,kömege ýetjek adam ýokdur.Men onsoň ataňa näme jogap bereýin,guzym ?! --Eneke jan,hiç zady gaýgy etme.Biz gitdik haý dimänem geleris, hoş ! Ene obadan çykanda,göýä aýyň bölegi dagyň gädiginden görnen ýaly boldy.Ol Taw- us guş ýaly bezenip,ýere agram salman,messan basyp,lälezarlyga tarap barýardy. Enäniň çoralary belenli-pesli depelerdäki gülleri çöpläp,obadan ep-esli arany açdylar Bir salymdan soň Enäniň gujagy güllerden doldy. Ene dagy bir-biri bilen degişip-gülşüp ,günüň gijigeninem aňşarmadylar.Seretseler, gün daga girip barýar.Olar gaýtmak üçin yzlaryna dolanjak bolup durkalar ýeri ýaryp çykan ýaly, depeleriň aňyrsyndan on-on bäş atly peýda boldy. Ene alamançylary görüp,çoralary bilen oba tarap gaçdy.Alamançylar “ Hudaý berse guluna,getirip goýar ýoluna “ diýip,gygyrşyp,Ene dagynyň yzyndan aç möjek ýaly topuldylar.Atlylaryň ýetip gelýänini görüp,gyzlar çar tarapa dargadylar. Şol wagt mert ýigit Gara Mergen atlylary bilen jülgeden aşak indi.Gara Mergeniň gözi gyzlara kowalap ýören atlylara düşenden allaniçigsi boldy.Ol atynyň başyny çekdi.Gara Mergeniň ýoldaşlaram durdy.Gyzlaryň özlerini halas etjek bolup oýdan beýige ,beýikden oýa gaçyşyny synlap duran Gara Mergeniň sabyr käsesi doldy.Ol ýoldaşlaryna ýüzlendi : --Ỳigitler,eger alamançylar bizi görüp gaçsalar,biz olaryň yzyndan kowarys.Sen bol- saň,Hudaýberdi,gyzlary oba alyp bararsyň. Gara Mergen atlylary bilen baýyrdan aşak indi.Alamançylar ýaydan çykan ok ýaly sünüp gelýän atlylary görüp,huşlary başyndan göçdi.Olar janlaryny halas etseler razy boldular.Gara Mergen atlylary bilen olaryň söbügine münüp,goldan aşdy. Hudaýberdi gyzlary bir ýere ýygnap,olary oba alyp gaýtdy.Gyzlar oba ýakynlaşanda ýoldaşlary bilen Enäniň kakasam olaryň öňlerinden çykdy. --Hudaýberdi, bu nämäniň ahwalaty?Gyzlaryň ýüzi ak esge dönüpdir,ýa alamançy döküldimi ? Hudaýberdi bolan işi birin-birin gürrüň berdi. --Berekella , oglum,är işini bitiripsiňiz.Ỳöne Gara Mergen dagy sag-aman dolansa-da biri ?Men öňdenem aýdyp ýörin-le,Gara Mergene.Iň gowsy,obada gal-da ýigitlere baş bolaý diýsem, “ Dagda dogulypdyryn,dagd hem günüm görerin “ diýýär.Ỳögsa ýigit dagy däl.Edermenem,batyram.Üstüsine-de bagşyçylykdanam habary yok däl , Mergeniň. Ỳaşuly bilen Hudaýberdi gepleşip durka,Ene uz ýöräp,olaryň ýanyna geldi.Gelşine-de Hudaýberdiniň egnine gyrmyzy don atdy.Hudaýberdi Ene näme diýjegini bilmän, töweregine ser etdi. Gyzyň serpaýyna göwni ýeten ýaşulynyň maslahatçysy Hudaýberde ýüzlendi : -- “ Zer gadryny,zergär biler “ diýipdirler,oglum Hudaýberdi.Nesip etsin,Toýda tozsun Eger çaý-nahar kemiň yok bolsa,hoş geldiň.Toýda duşalyň.Biz sizi hiç wagt unutmar -ys.Gezen ýeriňizde sag-aman geziň. Hudaýberdi Gara Mergeniň giden tarapyna atynyň başyny öwürdi.Oňa duşan badyn a-da ilki bilen özi habar gatdy : --Gurtmy,tilki ?! --Tilki bolduk,Hudaýberdi.Gaty gaçdylar.Seniň ýagdaýyň nähilli?Gyzlary sag-aman gowşurdyňmy? --Gyzlary gowşuryp-gowşurmaz ýaly,olar Ene bilen çoralary bolsa nätjek ! Gara Mergen Ene diýen sözi eşidip,gözi hanasyndan çykara geldi.Ol Hudaýberdiniň alkymyna dykylyp bardy-da : --Dogryňdan gel,ýa-da….. --Mergen,Enäniň özüni hut gözlerim bilen gördüm,ynanmasaň süreliň oba garşy. --Gürleşdiňmi ? --Ỳok,gürleşip bilmedim.Ỳöne gyrmyzy dony peşgeş berenem hut Enäniň özi.Öz eli bilen getirip egnime ýapdy. --Wax,maňa akmak Mergen diýerler.” Gaçany kowujy bolma “ diýen söz näme,boş ýere aýdylandyr öýdýärmiň diýsene,şolaryň içinde Enäniň bardygyny bilen bolsam… --Mergen,ax çekme.” Altyn gapylyň,agaç gapyla dilegi duşermiş “ . --Aý,beýle bagt bize ýetiresi yok-la.iň gowsy,irräk mesgene baryp garbanalyň… Aý aýlanyp,ýyl geçdi.Atasy aradan çykandan soň obany dolandyrmak Enäniň başy- na galdy. Enäniň ýeke galanyny eşiden,öňden onuň owadanlygyna aşyk bolup ýöränler ony boýun egdirmäge hyju edip başladylar.Ene obanyň ýigitleri bilen bir ýowy gaýtarsa, ýene biri gelip,obany gabady.Şeýle irginsiz çaknaşyklardan soň Enäniň tarapy, hal -ys tapdan düşdi.Gelmeşiklere gaýtargy bermäge mejal galmady. Ene ahyry iň ýakyn adamlary bilen maslahatlaşdy.birine öz garamatyny tabşyrmak- çy boldy,jar çekdirdi.” Kimde-kim obany çozuşdan halas etse,Ene şol adama özüni mynasyp görjekdir “. Bu habar yyldyrym çaltlygynda uly ile ýaýrady.Dagda mesgen tutup ýören Gara Mergene-de bu habary eşidip,öz atlylarynyň birini Enäniň üstüne iberdi.Ol gelip,Ene şeýle diýdi : --Biziň Gara Mergen diýen gerçegimiz bar.Ol obany duşmandan gorap biljek.Ỳöne özüňiz baryp,öz diliňiz bilen Gara Mergene aýtsaňyz…. Enäniňgökdäki dilegi ýerde gowuşdy.Ene Gara Mergeniň ýanyna bardy.Gürleşdi. Gaýtjak bolanda hem Mergeniň boýnuna ala ýaglyk daňyp,ýalbardy : --Obanyň ykbaly seniň eliňde,Gara.Eger batyrlygyň ,mergenligiň çyn bolsa,dagdan aňyrdan duşmandan bizi halas et.Halk saňa garaşýar. --Sen geldiň,Ene, indi zady gaýgy etme.Ỳigitleri ýygnap,halkyň goragynda häzir bolaryň . ..Ak Iniş diýen ýerde gazaply söweş başlandy.(Ak iniş häzirki Gyzylarbat şährinden bäş Km ilerde dagyň içinde ýerleşýär).Söweş üç güne çekdi.Üçünji gün Gara Merge -niň atlylary asgynlap,yza çekilip başladylar.Ol duşmany hile bilen ýeňmegiň ýoluny agtardy.Gara Mergen atdan düşüp,Söweşde geýýän eşiklerini atynyň eýerine bagl- ap,dagyň depesinden goşunlaryna buýruk berip duran duşman serkerdesiniň janyny jähenneme ibermek üçin öwrümli gaýa dyrmaşdy. Duşman serkerdesiniň keýpi diýseň kökdi.Ol goşunlarynyň söweşişinden göwni hoş bolup,yzly-yzyna murtuny tow berýärdi. Töwereginden oňa hemaýat berýän adamlaram serkerdäni ýetip gelýän ýeňiş bilen gutlaýardylar.Birden onuň sesine suw sepilen ýaly boldy.Gara Mergen duşman serkerdesiniň kebzesinden ak saplyny sokup,dagdan aşak togalady. Serkerdäni gaýadan aşak gaýdanyny görüp,onuň töwereginde duran hemaýatçylar- am gaçmak bilen boldular.Gara Mergen dagyň depesinde durup,joşgynyna Enäni taryplamaga başlady : Ene diýer saçym sary, Saçy tamdyranyň tary. Ak gösünde goşa nary, Men bu gün Enäni gördüm. Enäniň waspyny ýetirýän aýdym barha belent ýaňlanýardy: Gara mergen taryp eder, Sallananda uzuk äder. Çyn aşyklar görkden dadar, Men bu gün Enäni gördpm. Aýdym tamam boldy.” Baş bolmasa,göwre läş “ diýenleri. Ene gaýduwsyz Gara Mergeniň hatyrasyna üç günläp uly toý tutdy.Gara Mergeniň şo aýdymam şondan bäri nesillere meýras bolup galypdyr.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir