MIRAS SSSR ýok! Syndy ýetmiş ýyldan soň, Emma weli näletsiňmiş ýetmişde Gör, ençe mahlugy dünýä berdi ol, Beýle mahluk bolan däldir geçmişde. Sapak alyp hyz-haramy-hyrsyndan Sapak alyp iblisleriň dersinden, Beletdir ol dünýäň ähli deşigne, Göýä gelen ýaly dünýäň tersinden! Hanjak barsa, girer “gara gapydan”, Ýerganat deý mydam gözlegi tümlük. Peýda barmy? Ol dessine tapylar, Agzyň açdygyň bes, Girendir sümlüp. Irden iblis bilen metjide gelip, Namaz okap başyn goýar merhaba. Agşam perişdäni ýanyna alyp, Serhoş bolup, Towky bolar meýhana. Il gama batanda içi gülýändir, Içi aglar ulus-iliň toýunda. Hatda melgunlaram haýran galýandyr Ol nekgendäň pyrryldagna, oýunna! Ne adam tüýsi bar, ne adam ysy, Albassyny aldap, agladar asy. Ol — Hudaýsyz ýaşan haýyn döwletiň Hudaýly zamana goýan mirasy!

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir