ALAMAT I Çagajyksyň, ylgaýansyň at salyp, Arzuwlaň yzyndan eňip barýansyň. Günleriň bir güni geler hassalyk, Bir-de ýanyp barýansyň, Bir-de doňup barýansyň. Şonda dertli başyň sypasa ejeň, Ähli ýowuz derdiň güm bolýar eken! Ene eli — beýik em bolýar eken! Ýetginjeksiň, müň bir hyýal bar serde, Bir görseň, gökdesiň, bir görseň, ýerde. Bir gün dümewlärsiň, Duşarsyň derde, Lorsuldap ýarylyp barýandyr başyň. Gutularsyň şonda derläpjik içseň Garry eneň gyzyl burçly unaşyn. Ýaş ýigitsiň, kändir derdiň-aladaň, Gursagyňda apy-tupan turýandyr. Göräýmäge, içiň-daşyň abadan, Yşkyň tüweleýläp alyp barýandyr. Bir gün kesellärsiň, ýatarsyň, hatda Oýlanyp bilmersiň keseliň hakda. Ýöne ähli derdiň ýok bolup gider Nerkes gözli ýaryň ýylgyryp baksa!.. Jahyl çykyp, “ýüwürersiň, ýortarsyň”, Wagtyň-da bolmaýar kesellemäge. Bir agyr derdiňi işläp ýeňersiň, Bir derde diýersiň: — Seniňki näme?! Bir derdiňden derman içip gutuldyň, Bir dertden lukmana gaçyp gutuldyň. Ýene bir dert yza berse janyňa, Halas borsuň ondan hassahanada. Dünýäniň derdi kän, dermany-da kän, Otlar-çöpler, daglar-daşlar dermandyr. Akyl eýle, ynsan, Iň agyr derdi Birek-birek berýändir! ...Sylaň, sarpa goýuň birek-birege, Adam elindedir keramat-kerem, Adam dilindedir keramat-kerem. Ýagşy sözler Lukman hekime deňdir, Adam ogly bir-biregiň lukmany, Adam ogly bir-birege melhemdir! Söýüň, söýlüň, bir-birege em bolup. Ölini direltse Isa söz bilen, Hut ölümden halas ederis biz hem Eger söýsek, bir-biregi jem bolup... II Ýöne... Ýaşap ýörseň ýagty jahanda, Duşýar ahyr nägehan bir hassalyk. Öýe girseň, oturandyr gaşyňda, Daşa çyksaň, ýatyr gapyň ýassanyp. Işe barsaň, garşy alýar işiňde. Penjireden gelýär gapydan kowsaň, Içýakgyç, tekepbir, irginsiz, hötjet. Walla, ýüzi dagy dabandan galyň, Işigiň açdygyň törüňe ötjek! Gahar edip ondan ýüzüňi sowsaň, Öýkeläp gider ol, Ýöne... bir salym. Ne murdar kesel ol, ne ýeser dert ol, Ine, birden aýagyňdan alýandyr. Syzlaýar baldyryň, ynjalyk bermän, Edil Esentanyş ýaly gülýändir Yzaňa çydaman içäýseň derman. Bir görseň, golda ol, Bir görseň, bilde, Bir gün bagyrdadyr, bir gün ötdedir. Bir gün böwrekdedir, bir gün öýkende, Ýok bolaýmaz, ýigrenseň-de, söýseň-de! Haýran: başyn alyp giden çagy hem Mydam ýatdadyr. Baş urarsyň, tebipçilik ylmyna, (Köp dert çeken kişi lukman bolýandyr.) Ol ýeser dert saňa uly mekdep bor, Gitseň, barýan ýeriň köplenç epdek bor, Dostlaryň-da gylla ýary lukmandyr! Ol dertden gaçma bar, gutulma ýokdur, Gutulma ýok ondan hassahanada. Ol dert syrdaşyň bor, hala-halama, Pelek ony takdyr kylmyş Adama! Bir garagy buzdur, Birisi otdur, Ol dert öňde-soňda müner gerdene. Oňa lukmanlaryň çäresi ýokdur, Nepi degýän derman-därisi ýokdur Hut direlip, Lukman Hekim gelse-de! Süleýman deý al-asmana uçsaň-da, Gorkut kimin başyň alyp gaçsaň-da *, Hatda aby-haýýat suwun içseň-de, Ahyr ýagyrnyňy ýere basar ol Bolsaň, Görogly deý gaýratly şir hem. ...Ol derdiň adyna Garrylyk diýrler! III Her ýaşyň özüniň alamaty bar. Ýaşlyk — söýgi. Bedew ata münensiň. Pygamber müçesi otly deý myçar, Bir gün görseň, ömrüň çapyp geçensiň. Garrylykda işim sabar öýdersiň, Alla seni hiç wagt işsiz goýmaýar. Aladaňdan tursaň, tapylar derdiň, Asyl derdiň bir-ikide durmaýar. Dert tapynyp, ol-bul ýeriň syzlanda, Em-ýom diýip gör nämeler etmediň. Güýçli-güýçli däri-derman gözläňde, Bilmediň sen derdiň asyl hikmetin. Alla sylanyna uzak ýaş berer, Uzak ömür bu Allanyň ýalkany. Iç-daşda hojaýyn keýwanyň bolar, Uzak ýaşlyň bolmaz zerre armany. Yh-çoh üçin sen lukmana ýüz tutma, Hoşamaý söz saňa däri-dermandyr. Garryja kempiriň hergiz käýitme, Saňa tekge berjek ýalňyz lukmandyr. Her ýaşyň özüniň alamaty bar: Garrylygyň alamaty yh-çohdur. Her näçe gözleseň ýeriň ýüzünde, Nepagaty degjek dermany ýokdur. Hasyly ýetişen daragt ýalysyň, Seniň her bir sözüň nesliňe zerur. Durmuş mekdebisiň, akyl öýüsiň, Aýtjak sözleriňe garaşylyp dur. Saparmyrat diýer, eziz ýaşuly, Yh-çoha diň salma, belent tut başyň. Garaşsyz diýarda erkin ýaşaly, Görmek nesip etsin Oguz han ýaşyn. * «Gorkut atanyň kitabyndan». Gorkut atanyň ölümden gaçyşy göz öňünde tutulýar.