Harizmi (780-850) “El-Jebr we’l-Mukabele” atly eser bilen günümizdäki matematikanyň algebrasyny ýüze çykaran alymdyr. “Kitap el-Suret el-Ard” atly kitabynda 9-njy asyrda günbatarlylylaryň göni diýip kabul edýän ýeriň togalakdygyny subut edendir. Akşemseddin Mikroplaryň kesel ediji we ýokançlydygyny hiçhili mikroskobiki enjam ulanmany taryplan ilkinji adam. Onyň aýdanlaryny Paster asyrlar soň mikroskop arkaly yzarlandan soň tassyklady. Akşemseddin şol sanda Rimlylaryň soňky topragy Konstantinopoly basyp alan Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary Soltan II Mämmet Türkmeniň mugallymy bolandyr. El-Wahidi Döwrüniň iň giň derman öndürýän labaratoriýasyny ylym dünýäsine gazandyrandyr. Jabir bin Haýýan Günbatarly alymlar maddanyň atomdan has kiçi böleklere bölünip bilmeýändigini dile getirýärler-kä, Jabir b. Haýýan öz şägirtleri bilen bir söhbetinde atomyňam bölünip biljekdigini, we bu bölnüşikde Bagdat ýaly uly şäheriň tep-tekiz boljakdygyny aýdyp geçýär. Bu 20-nji asyrda Aýnştaýnyň (Einstein) subut eden atom bombasynyň ilkinji taryplary bolup durýar. Ibni Sina Lukman Hekim diýilip hem tanalýan Ibni Sinanyň (Awissena) 19-njy asyryň ahyrlaryna çenli gündogar unwersitetlerinde “el-Kanun fit-tin” atly kitaby esasynda geçilen synaglar boýunça üstünlikli jemlemedikler unwersitet diplomyny alyp bilenokdy. Mesudi (?-956) Nijer Derýasy barada iň ilkinji we giň maglumaty ýazan eserleri arkaly ylym dünýäsine gazandyran geografiýa alymy. Ibn-I Fadlan 921-njy ýylda Bagdat halypasynyň ýollamagy esasynda Wolga derýasy hakda ilkinji jikme-jik geografiki maglumatlary ýüze çykaryp eserleşdiripdi. Reşiduddin (1280–1318) “Jam-i et-Tewarih” kitabynda 14-njy asyrda bütinleý we giň ele alyp Hytaý taryhyny ýazdy. Ýusup Ýakup bin Yshak (796–872) Ýewropada “Al-Kindus” lakamy bilen tanalýan, Ýusup Ýakup Kindi, dürli mowzuklarda 265 biribirinden tapawutly ylmy ders kitaplary ýazandyr. Soltan II Mämmet Türkmen (Fatyh Soltan) Ystanbulyň basybalyşynda ilkinji gezek ulanylan diwar topuny işläp çykardy. Özi Osmanly Türkmen Döwletiniň hökümdary bolup, Ystanbuly ele geçirende 21 ýaşyndady. Biruni Galileodan asyrlar öňünden dünýäniň şar görnüşindedigini subut edip, dünýäniň radiusyny hasaplap çykaran ilkinji adamdyr. Piknometri oýlap tapandyr.
nashyja 14 years ago- turkmeni 4ever..menem alym boljaga