Gyrgyzystan gaýtadan dünýäni geň galdyrdy. Halk aýaga galyp, soňky döwürde adalatsyzlyga ýol berendigi aýdylýan hökümeti güýç bilen agdardy. Netijede häkimiýet başyna özlerini halk wekilleri diýip atlandyrýan güýçler geldi. Emma bu hökümet çalşygy gan döküşikli çaknyşyklar arkaly amala aşyryldy. Gyrgyzystanda eýýäm wagtlaýyn hökümet işe başlan-da bolsa, ýurtda häzirlikçe dartgynly ýagdaý dowam edýär. 9-10-njy aprel günleri ýurtda 7-nji aprelde gurban bolanlaryň hatyrasyna ýas günleri geçirilýär. Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Bişkekde bolan wakalarda 76 adam ölup, 1500-den gowrak adam ýaralandy. Ölenleriň ýaşy 15-den 50-ä çanli aralykda. Ölenlerden 12 adamynyň häzirlikçe şahsyýeti anyklanylmady. Anna güni Bişkegiň «Alatoo» merkezi meýdanyna müňläp adam çykdy. Meýdana gelen adamlar gan yzy galan ýerlere gül goýdular. Gurhan okap, heläk bolanlary ýatladylar. Merhumlar 10-njy aprel güni Gyrgyzystanyň iň tanymal jemgyýet, döwlet, bilim we medeniýet işgärleriniň jaýlanylýan “Ata Beýit” gonamçylygynda depin edilýär. Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna 1 million som, ýaralananlara bolsa, 50 müň som mukdarda kömek beriljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ýagdaý durnuklylaşýar.
Gyrgyzystandaky türkmen studentlerinin yagdaylary gowy
-
enayja
14 years ago
- Sheyle yagdaylar adamy isler islemez gynandyryar..ol yerdaki dost-doganlarmyza doga-dileg edeling.. Beterinden saklasyn
-
Myjy
14 years ago
- Sho gyrgyzlañ prezidentiniñ gümüni cekmeli shonda gül ala güllik bolar.
-
Alem
14 years ago
- Laplandiya yakymly habaryna kop sag bolun.T.dan dashary yurtlarda okayan,yashayan talyplarymyzy rayatlarymyzy Allajan oz penasynda saklasyn sag-amanja mashgalamyza gowshalyn!
-
enayja
14 years ago
- Omin, nesip bolsa sho gune hem yetsek
Laplandiya 14 years ago- Türkmenistanly studentleriň ýagdaýy
Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, häzir Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda 2000-den gowrak türkmenistanly studentler okaýar.
Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň aýtmagyna, ýurtdaky kollejlerde, tehnikumlarda, ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentlerine hiç hili demonstrasiýalara, mitinglere gatnaşmaly däl we öýden çykman oturmaly diýlen duýduryş berlipdir.
Wakanyň başlanan güni we ertesi studentlere öý işlerini berip, öýden çykman oturmaklaryny tabşyrdyk we olary sapaklardan boşatdyk. Şu mahala çenli bize Gyrgyzystanda okaýan 2000-den gowrak türkmenistanly studentleriň mitinglere gatnaşandyklary ýa-da olara fiziki taýdan şikes ýetendigi barada maglumat gowuşmady» diýip Gyrgyzystanyň Bilim ministri aýtdy.
Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentler hem özleriniň dynç we parahatdyklaryny habar berdiler.
Oş şäheri asuda
Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, Oş şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda hem türkmenistanly studentler okaýarlar. Uniwersitetiň filologiýa fakultetiniň mugallymy Dawron Nasibhonow Oş şäherinde howply wakalaryň bolmandygyny aýtdy.
«Adamlar häkimligiň öňüne mitinge çykdylar. Bizde beýleki şäherlerdaki ýaly binalara hüjüm edilmedi. Uniwersitetdäki studentler üçin howply ýagdaý bolmandygy üçin uniwersitetiň ýolbaşçylary «okuw adatdaky ýaly dowam eder» diýen karar çykardylar. Biziň uniwersitetimizde hiç hili adatdan daşary ýagdaý bolmady. Şonuň üçin hem bizde sapaklar ýatyrylmady» diýip, Oş şäherindäki uniwersitetiň mugallymlary aytdylar.