Umuman, türkmen saz-sungatynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyň Buhara emiriniň huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeýle teswirlenýär: Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler, Adam ata dünýä gelende bardyr. Dutaryň döreýşi hakda dürli rowaýatlaryň biri hem beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň belläp geçişi ýaly aýdym-saz, adam ata döränden bardyr, diýen çuňňur filosofiýadan gözbaş alýan sözüň esasynda aýdylýar. Ol rowaýat aşakdakydan ybarat bolýar: “Hudaýtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaýa emele getirip onuň adam şekilli heýkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyň meýdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beýik ruhy götere bilmän her sapar ýapyk teniň içinden daş çykypdyr. Derhal hudaýtagalanyň emri bilen ruh ynsanyň toprakdan gurulan tenine jaýlaşar ýaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaýarlar. Allatagalanyň ruhy ýürege baryp ýetende ynjalyk tapyp şeýle diýýär: “Eý bir hudaýa! Meni sazyň güýji bilen teniň kapasynda jaýladyň. Şonuň üçin her sapar sazyň owazyny diňlesem, özümden gidip, kalbymyň heýejan-tolkunlaryny duýýaryn”. Türkmenleriň ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryň ýürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuň üçindir. Sebäbi allanyň ruhy toprakly tende sazyň güýji bilen siňipdir”. Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyň arasynda “Ozan” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryň öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ýerine ýetiripdirler.
Myjy 14 years ago- Menem öz gezegimde halypa sazanda türkmenistanyñ halk sazandasy merhum mylly täcmyradowyñ humar ala diýen sazynyñ döreýshini ýazmakcy. Ýeri gelende aýtsam bu saz diñe türkmen topragynda däl eýsem dashary ýurt kompazitorlary tarapyndanam häli häzire cenli öwrenilýär. Bu saz dünýäde iñ cylshyrymly sazlaryñ hatarynda dur. Humar ala diýilende 2 ägirt göz öñüne gelýär biri mylly halypa beýlekisi bolsa cary hekimow shul iki ägirtden bashga bu sazy calan, calýan hem-de caljak adam ýok bolsa gerek. Bu sazyñ döreýshi sheýle: gadym zamanda 1 kicijek obada bir seýs bolupdyr. Obanyñ shol wagtky iñ baý adamsynyñ aty hem shol seýsiñ elinde eken. Seýs baýyñ atyny sheýle bir at edip ýetishipdir welin abraýy dag ashypdyr. Bu aty alarmanlar dünýäniñ car tarapyndan gelermishler. Ýöne aty satmak baýyñ hyýalyndada ýok eken. Günlerde bir gün baý seýsi öýüne cagyrmagy buýrýar. Seýs gelýär. Baý ömrinde etmedik hezzet hormatyny seýse edýär ýöne baýyñ keýpi ýok. Seýs geñ galmak bilen baýyñ näme ücin cagyranyny soraýar:
onda baý gözüne ýash aýlap öten agsham kellesiniñ humarly oýunlara gyzyp atyny utdranyny sheýlede baý utana näce pul hödürlesede atdan ýüz döndürmeýänini aýdýar. Seýs özüni ýitirýär we elinden gelenini edýär. At elden gitjegini bilip seýs aty hemde mashgalasyny alyp ýat ýurda gacyp gitmegi ýüregine düwýär we shony edýär. Ýat ýurtda öwrenishýär täze goñshylar günne saz söhbet etmäge günne seýislere ýygnanshypdyrlar. Seýs her gün dutaryny birinji eline alanda shol bir sazy calýar eken. Günlerde bir gün myhmanlar seýsden näme ücin her gün söhbetiñ bashyny shol täsin sazdan bashlaýanyny. Onda seýs bashynda gecirenini aýdypdyrda shol humar ala bolmadyk bolsa men öz obamdan aýrylmazdym diýýär we shol saza "humarala" diýip at goýýar.