ZENAN WEPADARLYGY Türkmen döräli bäri gelin-gyzlary halallyk hasaplaýar. Türkmeniň zenanlara goýýan hormaty bäş müň ýyllyk geçmişimiziň ähli döwründe-de egsilen däldir. Zenanlar bu gün hem erkek kişileriň ýüzleriniň tuwagy. Eziz zenanlar! Halallyk, wepadarlyk baky ýaranyňyz bolsun! Siz ýaşaýşyň ganatysyňyz. Ýigitleriň ýüzi gyzarsa, diňe buýsançdan, söýgüden gyzarsyn! Türkmen zenanlarynyň wepadarlygy bäş müň ýyllyk taryhymyzyň ähli döwürlerinde buýsanç, haýran galma bilen, gözügidijilik bilen beýan edilýär. Türkmen zenanlarynyň wepadarlygy taryhda dünýä nusga-görelde bolandygyna men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Men garaşsyz döwrümiziň zenanlarynyň bäş müň ýyl bäri goralyp, mukaddeslik saýylyp gelnen wepadarlygy dowam etdirjekdiklerine ynanýaryn. Halkyň mertebesi — zenanlaryň wepa-darlygyndadyr.
BEYK SAPARMYRAT TURKMENBASHY.
-
nashyja
14 years ago
- arapreyhan 3 apaty goysana bara...
-
arapreyhan
14 years ago
- nashyja.
bilyan bolsan ozun goyay,mena bilemok..
-
hasrat
14 years ago
- Gyzlar shong u.n ar-namysyngyza ägä bolung!
-
nashyja
14 years ago
- arapreyhan dost,sana zat diyerlik yok eken toba etdim,bagyshla dost,alla yalkasyn,goyma men tkmbashyn goshgularyndan goyan son soraydym,gech gunami
-
kaprizdal
14 years ago
- hasrat shol yokarky aydanzatlaryny dogan garydashlarynada aydyp aga edip goy
-
hasrat
14 years ago
- Kapriz, hokman...
-
hayran
14 years ago
- salam dostlar! berekella arap dost.
-
arapreyhan
14 years ago
- hayran..
govmi dost nahili yagdaylan govmi, elimden geldigiche goyan bir zatlar,senem yazip dur.
arap-rehyan@mail.ru
arapreyhan 14 years ago- Bilmez duşman dok döwlete tokunyp,
Duşman sürnüp bilmez berkarar ýurda.
Her bir gerçek aýy kimin topulyp,
Gürzi urup, ok urup,
Döner aç gurda!
Ýüz müň duşman gelsin!
Bermez mesgenin!
Her bir oguz barabardyr arslana!
...Ýöne bäş ýeňles gyz, alty mes gelin
Tutuş halky kylyp biler masgara!
Bäş sany azgyn gyz, alty mes gelin
Başdan aýlap haýa, şerin, messebin,
Namysyn oklasa, aýak astyna —
Duşman bilen döwdüleşýän goçlary
Bir demde öwürer
Diri maslyga!
Göndere baş bermez gaýduwsyz ärler,
Gürzüden gaýtmaýan arslanlar, şirler,
Dag ýaly goduklap,
Ýer kimin iňläp
Bagryn ýere oýkap-oýkap jan biýrler!
Haramlyk, azgynlyk ýol salsa ýurda,
Ol diýardan rysgal-döwlet göterler.
Bereket göterler,
ynsap göterler,
Haramy ordasy jem bolsa nirde —
Asman çydap bilmez,
Zemin götermez!
Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa...
ýygyn döner sülsada
Diriler — jesetdir,
öliň ruhudyr!
Ne ölüp bor,
Ne ýaşap bor dünýäde!
Beýle ile dert yzyna dert geler,
Mergi geler,
Geler garahassalyk.
Duşman gelmez!
Aşna gelin-gyzyňa
Iblis geler,
melgun geler at salyp.
Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Tuglar synsa...
meýlis gurup haramy,
Päk iliň ýüzüne çeker garany.
Tuglar synsa...
şeýtan kakyp heşelle,
Melgun meýlisini gurar bu jaýda.
Perişdeler bakmaz şerimsiz ýere,
Namys-arsyz ýurda
Bakmaz Hudaý-da!
Ok ötmez, tyg ötmez goç-goç ýigitler
Hyrçyn dişläp, için tutup ölerler,
Ar-namysdan lüýge batyp ölerler.
Ärler öler —
ýere berip bagryny!
Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Galdyryp-da biler iliň bagtyny,
Ýatyryp-da biler iliň bagtyny!
Gyz-gelinler ar-namysyň tugudyr!
Öwüriň olary mukaddeslige!
Oguzlara gelen döwri-döwrany
Ýykdyraýmaň
azgynlyga,
meslige!
Peslige!