HAJYGOWŞAN ROWAÝATY. Gelýär alys ýerden Agyr bir kerwen, Haja barýar aksakallar, gojalar. Gije-gündiz Allaň adyn zikr edip, Biribaryň berenine şükr edip, Tagat tartýar gelejekki hajylar. Üç ýüzden aşady kerwençiň sany, “Huw, Hak!” diýip, kerwen bilen barýardy Bir derwüş hem tyrkyldadyp hasany. Kerwenbaşy goja günleň bir güni Sataşýar nägehan agyr bir derde. Bagryn tutup pyşyrdaýar görgüli: “Şehit bolsam gerek nätanyş ýerde!” Delmirip bir oba sowulýar kerwen, Garşylaýar ony gerkezli begler. Garry molla kethudasy obanyň, Myhman alýar haja barýan kerweni. Garry molla hekimidi obanyň, Kerwenbaşa berýär dürli melhemi. Ýat obada kerwenbaşyny taşlap, Kim yzyna gider, Kim gider haja? Aksakal gojalar ýalbarýar Haka! Arasynda ýaşaýyşdyr ajalyň, Kerwenbaşy urnup ýatdy bir hepde. Doňup ýatdy, ýanyp ýatdy epgekde. Ýatdan çykdy haj-da, Medine, Mekge! Soňra goja bäri bakdy, elbetde. Tutuş oba myhman alyp kerweni, Tutuş oba toý gazanyn atarýar. Gerkezde ýaşaýyş tugun göterýär. Hassany şypaly uka batyryp, Garry molla dana söhbet otarýar. Garry molla, kim sen? Ýagşyzadamy? Ýa-da barmy sende Hakyň halaty?! Garry molla, niçik gudrat bar sende? Derdini unudyp keselli bende, Ruhy melheminden ganyp bilmeýär Aksakallaň sadasy hem danasy. Kerwenbaşy gulanalma gutuldy, Emma haj parzyndan gijä galdylar. Gijem bolsa kerwen ugrajak Mekgä, Çünki haj diýp ýola çykan gojalar Hajy bolman yza dönjek däldiler! Ýene kerwen alys ýola galkyndy, Oba süýşüp geldi ýola salmaga. “Haw, jemagat, Alla sizi ýalkady! Yhlasyňyz hoş gelipdir Allama! Hajygowşan bolsun obanyň ady, Zahyr bolsun Garry mollaň öwlady!” Diýdi derwüş. Haýran galdy halaýyk. Goja derwüş şol dem gyzyl ot bolup, Gitdi arşa sary gözlerden gaýyp! * Hajygowşan – Döwletmämmet Azadynyň, Magtymgulynyň ýaşan obasynyň ady. Başga bir rowaýatda kerwen gurap gelenleriň Azadynyň, Magtymgulynyň pähim-paýhaslaryny diňläp, «Ine, biziň gözümiz açyldy, hajymyz kabul boldy» diýip, köp-köp alkyşlar aýdyp, öz obalaryna gaýdandyklaryny, şonuň üçinem pähim-parasat obasyna Hajygowşan diýlendigi nygtalýar.
Cwetocek 14 years ago- Gyzykly eken minnetdar arapreyhan!siz taryh ugurdan okayanyzmy?