NESIHAT Nedir şa zamanynda şäher kazysy bir tüýkesme ogrynyň elini çapmaga perman berýär. Bazar güni şäher mähellesi jeza meýdanyna ýygnanýar. Şol ýere Nedir şa-da baran eken. Kazy permany yglan edýär. Nedir şa tüýkesme ogryny ýanyna çagyryp soraýar: — Seniň ilkinji ogurlygyň ýadyňa düşýärmi? Kakaň sen ogurlyk edeňde nähili gördi? — Men ýedi ýaşymda goňşymyň kürk basyp oturan towugyny ogurlap geldim. Kakam berekella berip, başymy sypady — diýip, ogry jogap beripdir. Nedir şa ogrynyň kakasyndan gürrüňiň dogrulygyny-egriligini sorapdyr. Kakasy başyny aşak egip, ogluna berekella berenini, başyny sypanyny boýun alypdyr. Nedir şa: — Ogruda günä ýok, ol ümbilmez çagaka ogurlyk edipdir. Ony ogurlyk ýoluna salyp, berekella beren kakasynyň diline-de dag basyň, eline-de dag basyň, günä ogrynyň atasynda — diýipdir.
BEYK SAPARMYRAT TURKMENBASHY.
-
eflatun
14 years ago
- Ýokarda ýazylanlar barada herhili pikir edibermeli...
"Çuňňur manyly sözler"))
-
hayran
14 years ago
- sagja bol arap dost! oýlandyryjy setirler.
-
nashyja
14 years ago
- arap reyhan 3 apaty goysana..hekaya diysen oylandyryjy
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Belli sosiolok hem-de yurist Makiawelli jemgyyetin doly bahaly subyektinin emele gelmegi u.n ma6galanyn tutyan ornunyn ulydygy hakynda oran kop zat aydyp ge4ipdir. Ol ma6galany jemgyyetin in ki4i yone in wajyp institutlarynyn biri hokmunde hasaplapdyr. Beyik saparmyrat turkmenbashynyn bu tymsaly bolsa makiawellinin shol konsepsiyasynyn dogrylygyny tassyklayandyr. Sheylelikde yoldashlar mashgala nahili bolsa ondan 4ykjak adam (jemgyyetchilik gatnashyklarynyn subyekti) hem shonun yaly bolar.
-
Cwetocek
14 years ago
- Dogry aytyanyz
arapreyhan 14 years ago- Bu bir synag dünýesi, parasat kyl, many al,
Arzandan abraý gelmez, asany goý, kyny al,
Bosagasyn ýassanyp, pirden hyrka * dony al,
Süleýmanyň ýüzügin, Jemşit şadan jamy al,
Ýalňyz ýola gelensiň, at eýlegil jahana!
Gara dag deý harmandan depe ýaly çäç galar,
Döwrüň agzy alarsa, döwran gider, öç galar,
Bidöwlet gazna basyp, pul astynda aç galar,
Amal etseň dünýäde, diňe ýagşy iş galar,
Arşdan alan badalgaň bat eýlegil jahana!
Dünýä aglap gelensiň, öwren munda gülmäni,
Gamaşman asman ýaly, lowurdap çyk Gün ýaly.
Meger, Alla ýalkandyr ýakýany däl, ýanýany,
Kimler bu dünýä ýükdür, kimler götär dünýäni,
Jiger-bagryň ýandyryp, ot eýlegil jahana!
Üýşülip meýlis gurlup, derdi ýeke çekiler,
Ile döwlet dönende, bir agyza bakylar,
Beýnim gazan deý gaýnap, ýürek nar deý sykylar,
Saparmyrat ýykylsa, diňe Haka ýykylar,
Gara başyň gaýgyrman, paç eýlegin jahana!