JAN SÖWDASY Bir husyt ýaşanmyş Nuh eýýamynda, Genjim beg jomartmyş onuň ýanynda. Bir gün oň gaşyna gelip Ezraýyl, Diýenmişin: — Maňa janyň derwaýys. Ýaňky husyt kişiň göwnübir ylla: — Geregiň jan bolsun! Ýüz ýetmiş tylla. Şony orta goý-da, al-da ugraber. — Bu ahwala haýran galan Ezraýyl. — Tylla näm işlesin! Barmy ynsabyň, Men şeýle alýaryn janyn ynsanyň. — Ýok, Ezraýyl, Taňryň beren janyny, Mugt-a bermen, Taňryň gözel janyny. Bahasy ýetmese, bolmaz menden jan, Boş sakyrdap durma, Eý, Ezraýyl han! — Ezraýyl gaýdypdyr lapykeç halda, Bu bolan wakany aýdypdyr Alla. Taňry diýenmişin: “Bereýin akyl, Husytdan zat sorap, almarsyň asyl. Sen sorapsyň. Olam nyrhyn kesipdir, Saňa puluň berip almak galypdyr”.
JAN SÖWDASY
-
hayran
14 years ago
- SALAM DOSTLAR !SAG BOL ARAP DOST ŞEýDİP BARDYGYňY BİLDİRDE ŞUň ýALY OňATJA MOVZUKLARY ýAZAVERİ.
arapreyhan 14 years ago- HAÝYR BILEN ŞER
Oguz han atamyzyň patyşalyk edýän zamanlarynda oguzlar ýeke-täk Taňra uýýan ekenler. Şol zamanda asmandaky ýagyşlaryň, bulutlaryň, ýagyş-ýagmyryň, garyň piri-de Burkut baba eken. Ol gara-gara bulutlary gaýnadyp, ýyldyrymdan gamçysyny çar ýana aýlanyp, asmany-zemini elendirip, gögi gürledip bilýäni üçin oňa Burkut diwana hem diýer ekenler.
Bir gün Burkut diwana dagyň uly jülgesinde çeşmäniň başynda öý gurup ýörmüş. Şol mahal Musa pygamber geçip barýar eken. Musa pygamber:
— Ahaw, Burkut pir, entek ýaz tamam bolup, tomus düşenok, jülgede siliň geljek ýerinde öý gurmaň näme. Diwana bolaňda-da, edil beýdäýmek bolmaz — diýipdir.
Burkut diwana:
— Häý, Musa, ýagşyň-jalaň piri men! Ýazyň bilen-de işim bolmaz, tomsuň bilen-de, bulutlary bolsa agylyna gabadym — diýipdir.
Şol mahal Musa pygamber Taňrynyň huzuryna barýar eken. Ol Taňra Burkut diwananyň jülgede, siliň ýolunda öý gurup, jaý salyp ýörenini aýdyp berip:
— Diwana göz görkezäýmeseňiz, ol gaty gidýär — diýipdir.
Musa pygamber yzyna geçip gelýärkä, asmanda dynnym bulut ýokmuş, emma örän güýçli çabga ýagyp, apat sil gelenmiş. Seretse, Burkut diwana siliň içinde ýüzüp, ýorganyny bir ýerden, keçesini bir ýerden tutup, çöpe serip ýörmüş.
Musa pygamber:
— Burkut baba, hany, bulutlary agylyna gabadym diýýärdiň-le, bu nä iş? — diýipdir.
— Şugul köpelipdir! Ýogsam bulutlary agylyna gabamasyna gabapdym, bulut ýagmady, buýruk ýagdy, Allanyň buýrugy ýagdy — diýip jogap beripdir.