“Sygmazmyş” Gümmürdäp-gümmürdäp baran gelende, Silleri lummurdap, düze sygmazmyş. Gursakda joş eýläp jiger gülende, Şatlygy, şowhuny ýüze sygmazmyş. Güller parlap, reýhn bolanda ýerler, Hoşboý ysdan ýaňa ýeldirgär ýeller, Seýkin basyp, seýle gelse gözeller, Şahyryň ylhamy söze sygmazmyş. Gözel güller enwer-müşkün kükeder, Gyzyl güller gözüň ýagyn ereder, Keýigokarasy nurdan pürepür, Türkmeniň bahary ýaza sygmazmyş. Heser çalyp,aşyk yşka uçrasa, Täleýiň ýyldyzy arşda yşrasa, Jigerden ýaş, dideden ot syçrasa, Aşygyň ahwaly saza sygmazmyş. Ýazyň yşkyn ýelpäp uçar durnalar, Ykşa uçran gyzlar, şol dem hüýrlener, Saparmyrat ýanar, söwer ýar ýanar, Jahana çabran ot köze sygmazmyş
BEYK SAPARMYRAT TURKMENBASHY
-
hasrat
14 years ago
- Pahyr tm u.n kop ishler bitirdi...jayy jennet bolsun enshalla...
-
21
14 years ago
- Hasrat dogry aydyan.belki adamlar ony yatdan chykarmasynda
-
hicret
14 years ago
- menin janym.prezidentm.yatan yerin yagty bolsun.aradan cikanda bir hepde ozume gelip bilman syrkaw yatdym
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Durli pirim syyasat bilen adamlan anyndan ayrylmagny gazansalaram taryhdan ayryp bilmezler.
arapreyhan 14 years ago- “Uruş bolmadyk bolsa”
Ejem aglamazdy dokma dokanda,
Ýa-da üçburç haty alyp okanda.
Belki aglanardy seýrek-setanda,
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Başymyz bir bolup, daşymyz gülki,
Ýada salardy ol baýlygy mülki.
Haýsymyz götärdi kakamyz ilki,
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Bile örüp, bile ýatardyk gije,
Hemem otyrardyk üýşüp bileje.
Kakama düşmezdi betbagt bije
Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.
Urşy başda tapan ýeke tüpbozdy,
Meger, gözlese-de, ýaran tapmazdy.
Belki, ýerem yranmazdy, hopmazdy,
Eger zalym uruş bolmadyk bolsa.
“Bendiwany men”
Sen Leýli sen, meni Mežnun kylyp sen,
Ýar, gara gözleriň bendiwany men.
Jilwe bilen ygtyýarym alyp sen,
Şar gara gözleriň bendiwany men.
Gara gözleň jadan geçen jöwherdir,
Lebleriň direlder, aby-köwserdir.
Hünji dişler diş degildir göwherdir
Nur gara gözleriň bendiwany men.
Leýlim, gelip, dünýämi müşk eýlediň,
Nazar salyp, külbämi köşk eýlediň.
Hüýrüm-melegim sen, peri-peýkerim
Hüýr gara gözleriň bendiwany men.
Nazaryň ýyldyrym, jigerden saldyň,
Saparmyrat, neýleý, çaýkandy kalbym?!
Arş astynda ýalňyz ýandym, ot aldym,
Şol gara gözleriň bendiwany men.