Ýazýanlarym size kanagat berse,
Men ýene ýazaryn, ýene ýazaryn!
Beýik Allam ylhamymy egismese,
Men ýene ýazaryn, ýene ýazaryn!

Galamymyň ýiti ujy döwülip,
Ýazjak zatlaryma etmese zyýan.
Döz gelip ak ga:ra, ýagşa ezilip,
Ýazaryn!
Damýança soňkyja syýam.

Ýazamok men! Bermek üçin nesihat,
Ýa ýazamok akyl satmaklyk üçin.
Erbetlik, göriplik asla netim ýok,
Diňe ýazýan ýekeje sebäp üçin.
Ýazanlarym dünýädäki adamlaň
Kalbynda gül deýin bitmeklik üçin.

Herkim okap.
Özleriçe düşünip.
Okan zatlaryndan alsalar many.
Meň üçin-ä närazylyk bolmazam,
Razyçylyk artar gün-günden sany.

Diýerler: "Senden, hiç şahyr çykmaz"
Muny diýýänlerde asla ünsüm ýok.
Nädogry pikire tarap ýöränden,
Dogry pikre tarap meni çekýän köp.

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir