Bady sabani görsem Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem. Bahaweddin Mirkulal, Zeňňi Babany görsem. Nagleýni arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, İki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem. Gelen geçer çaşt edip, Eglenmez güzeşt edip, Köňül aýdar keşt edip, Älem-jahany görsem. Hezyr kimin çöllerde, Ylýas kimin köllerde, Kowus kimin daglarda, Ýagşy-ýamany görsem. Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol Rumystany görsem. Jan pany, jahab şeýda, Mundan hiç ýokdur peýda, Ýedi dag, ýedi derýa, – Däli dünýäni görsem. Magtymguly hoş bolsa, Aksa didäm, ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam, Käbäni görsem.
Magtymguly
-
arapreyhan
14 years ago
- ÝÖR BILÄNI
Gel, köňül, ýara gideli,
Hemra bolsaň, ýör biläni,
Ýar ýoluna gadam goýsaň,
Paý ornuna ser biläni.
Ýaman bilen ýoldaş bolma,
Duşman bilen syrdaş bolma,
Tagamda tabakdaş bolma,
Uflis, haramhor biläni.
Asmanyň görki enwerdir,
Dünýä görki simu-zerdir,
Jeset-toprak, jan-jöwherdir,
Alyp bolmaz zer biläni.
Iliňden gitseň awara,
Şonda bolar sen biçäre,
Goňşy bolsaň haramhora,
Sütem eýlär zor biläni.
Bahyl baýda berim bolmaz,
Merdiň sözün bawar kylmaz.
Arwananyň ýüki galmaz,
Ýola girseň ner biläni.
Guwanmagyl sypatyna,
Müner sen gahar atyna,
Duş bolsaň ýaman hatyna,
Ömrün öter şer biläni.
Magtymguly, ýakyn-ýatlar,
Hany ol gadyrdan atlar?
Dünýe gelen barça zatlar,
Ýegsan bolar ýer biläni.
arapreyhan 14 years ago- GADRYN NABİLSİN
Harazban goluna düşse algyr baz,
Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin.
Bir çopan eline degse bir almaz,
Çakmak daşy kylar, gadryn näbilsin.
Pahyra mynasyp sabr-u kanagat,
Baylar ýaraşygy haýr-u sahawat,
Har beslan täjige duşse şalyk at,
Palan çeker sürä, gadryn näbilsin.
Kämil bolmaz ol şertbetden datmaýan,
Hezl eýlemez söz aslyna ýetmeýen,
Däli Mejnun yşky eser etmeýen,
Perizat Leýliniñ gadryn näbilsin.
Meýlis girip, märekäge barmaýan,
Beglik ede bilmez, berim bermeýen,
Çölde açlyk muşakgatyn görmeyen
Öýde yssyg nanyñ gadryn näbilsin.
Ötenden soñ, añlar adam döwletin,
Bilmez döwlet bile geçen nobatyn,
Çekmeý kişi bimarlygyñ zähmetin,
Bu gözel saglygyñ gadryn nabilsin.
Rysmanyn berk edip, labyr salmaýan,
Girdaba ugraşar häzir bolmaýan,
Kiştisi kölekte bendil galmaýan.
Gury gara ýeriñ gadryn näbilsin.
Aýralyk oduna ýanyp bişmeýen,
Zalymlar elinden ülke aşmaýan,
Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen,
Ülkesinde iliñ gadryn näbilsin.
Ýigit degil bir ykrarda durmasa.
Ülag gadryn bilmez kişi armasa,
Ördek, guba gazlar çöli görmese,
Ter çemenli kölüñ gadryn nabilsin.
Magtymguly aýdar, ýar-u hemdemge,
Geliñ, dostlar, şükür edeliñ bu demge,
Aslynda söz pähmin bilmez adamga,
Müñ many söýleseñ, gadryn näbilsin.