Är dörär Il azanda töre çykar pes ýerden, Hal içinden bir birdöwlet är dörär; Doňuz depä çykar, garsak gurt alar, Kelpeseler heserlenip, mar dörär. Gaplaň ýoldan çykar, tilki il gezer, Pişik adam iýip, syçan ýol bozar, Garga bilbil bolup, bagdan gül üzer, Bilbiller gül tapmaz, tiken har dörär. Şagal şir balasy bilen iş salar, Tilki şir awuny elinden alar, Ak jeren torsukdan kän gaýra galar, Halk içinde bir apaty-nar dörär. Ýüregimde gam tohumyn ekmäge, Kast ederler sabyr öýün ýykmaga, Mätäji diýr, meni oda ýakmaga, Annagül isimli ziba ýar dörär.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir