GÜLÜSTANA DÖNDÜ Gaçdy küffâryň döwleti, Döwür musulmâna döndi; Bir lahzada, bir sagatda, Älem gülüstana döndi. Dagça boldy her bir gende, Deňeldi beyik bilen bende, Bu yomut, Gökleň öňünde, Kent kesek, weyrâna döndi. Huday saklasyn yamandan, Her kim aşar öz çeminden, Teke, Salyryň zarbyndan, Kürdüstân lerzâna döndi. Dine kuwwat berdi Aly, Açyldy yslamyň yoly, Baglanyp kuffaryň goly, İndi işi kyna döndi. Ählisini goşun tartar, Semâ titrär, zemin sarsar, Bir-birin gyryp gaçar, Yok boldy, yeksâna döndi, Ki harap edip baglaryn, Yykdylar ak otaglaryn, At demi tutdy daglaryn, Jülgeleri gana dödi. Zelili eylär bu mahal, Çu ayan bolupdyr bu hal, Nazaryn saldy Züljelâl, Müşgilmiz asâna döndi.

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir