GÜLEN BAR MY? Eý ýaranlar musulmanlar, Ýyglamaýyp gülen bar my? Ýalançy pany dünýede, Giden gaýdyp gelen bar my? Kimse wepa tohmun eker, Kimse ajal zahmyn çeker, Kimse gamdan azat eder, Sararmaýyp, solan bar my? Bildim bu dünýe çaglygyn, Gam gaflatda oýaglygyň, Hassa bolmaýan saglygyň, Ganymatyn bilen bar my? Bu dünýe iki pyrakdır, Biri gara, biri akdyr. Menzil iki ýol yrakdyr, Onyň pikrin kylan bar my? Şeýdaýy diýr gelen geçer, Bu güzere(dünýä) gonan göçer, Ýigitlik çyragy öçer, Bu sözümde ýalan bar my?

Köneler, arapreyhan tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir