Ejem-Kakam baý diýip däl,
Ejem-Kakam bar diýip guwan!
-----------------------------------
Kakam döwletim,
Ejem jennetim!
-----------------------------------
Eje, bu sizi soňky demine çenli, ýekejede üýtgemän, söýüp biljek ynsan!
-----------------------------------
Baýlyk näme? Baýlyk - bu Ejeň-Kakaň saglygy, dostlaryň ynamy we saňa gadyrly ynsanlaryň söýgüsi!
-----------------------------------
Ömür derýa asla yza gaýtmaýar,
Müň çagyrma saňa asla durmaýar!
Pursadyň bar wagty, algyn dowasyn,
Gün dursa hem Ejeň-Kakaň durmaýar!
-----------------------------------
Soňlanma:
Döwletiň bar wagty, gepiň makullap
Ýanyňda haram bolar, ýalňyşyň gözläp
Bir ýykylsaň ýoluňda, gelmez bir ýoklap
Dostuň dostlygyn, işiň düşse bilersiň!
Awtory: p.a