ŞYH SANGAN /gysgaça/
Hristiýan gyza aşyk bolany üçin, sufistik edebiýatda giňden ýaýran legendar gahryman. Şyh Sangan we hristiýan gözeli hakda şyh Attaryň ''mantyk - et - taýr'' we Nowaýynyň ''Lisan - et taýr'' atly eserlerinde ýörite hekaýatlar bar. Gündogarda ''Hekaýaty - Şyh - Sangan'' atly eser özbaşdaklykda hem ýaýrapdyr. Bu temada XII asyrda ýaşap geçen kürt şahyry Faki Geýran hem poema ýazypdyr. ''Şyh Sengan'' poemasynda bäş ýüz okuwçysy /sopusy/ bolan 77 ýaşly musulman Sangan'' hristian gyzyna aşyk bolýar, şoňa ýetmek ugrunda-da hatda öz dininden ýüz öwrüp, hristian dinine girýär, doňuz çopany bolmaga razy bolýar. Emma poemanyň soňunda olaryň ikiside musulman bolýar, şondan soň Ezraýyl olaryň janyny alýar. Poemanyň sýužeti Ýakyn Gündogarda hem-de Zakawkazýede giňden ýaýrapdyr, onuň esasynda şol ýerde giň ýaýran legenda ýatýar. Bu sýužeti XIX asyrda Wahdat Gilany, XX asyrda Husaýn Jawid hem özleriçe işläpdirler.