DURMUŞ Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan, Sen-ä aglan bolýañ, bizem gynanan, Ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok, Il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak, Sellelimi, sellesizmi, penjekli, Bir aýally, iki aýally, parhy nä, Gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip, Iýen iýip gidýär, sümüren sümürip. Sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan, Onsoñ ikimizem bolýas guwanan, Bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz, (Ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz), Kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly, Nätjek, adam ogly garnynyñ guly, Çörek hem aýmança, aýlanarsyñ sen, Tans edersiñ, bökjeklärsiñ, oýnarsyñ, Belki, kä gullardan saýlanarsyñ sen, Belki, biraz öz göwnüñi aldarsyñ Sen-ä aldan bolýañ, bizem aldanan, Iller goldan bolýar, senem goldanan, Dilegçi, tamakin, soranjañ gözler, Ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler, Inkubator jüýjesi deý köpelýär, Çynyn diýjekleriñ agzy dykylýar, Bu öñden, gadymdan ýörelge, adat, Çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat, Ýalança altyn dök göz edip ile, Goý, hemme düşünsin, nämede hile! Sen-ä iýen bolýañ, bizem iýilen, Belki, şunuñ özi durmuş diýilen?..
DURMUŞ
-
arapreyhan
14 years ago
- “AYALLARA DEGISHME” “HALYL KULYYEW”
Dunyanin yuzunde tasin bir millet
Ayllar milleti
Uytgeshik dunya
Bular bilen oyun edayman millet
Bular kop zatlary onunden bilyar
Dync alysh gunleri ertir ir bilen
Gezelenje cyksan yuwashja guler
Sol gun arpa suwun datjakdygyny
Zaluwatlar hokman onunden biler
Ishden son birneme gijirak galsan
(adamcylykdyrda, bu bolup biler)
Yozuni gizardyp oyune gelsen
-Geldinmi- diyerde yuwashja guler
Ishden oz wagtynda gelen cagynda
Cay coregi bilen bashing eger
Ondan son “Kakasy bu na ir geldin”
Tuweleme diyip,cetine deger.
Bular sherry dal, gaharjanam dal
Ownuk yalnyshlarnam gownune almaz
Bularsyz dunyade yashamak kyndyr
Bularyn dilinden sepia bolmaz!!
yurekde name bolsa dil shony diyer!!
-
arapreyhan
14 years ago
- GURBANNAZAR EZIZOW
Söz agramyny ölçemez tonna,
Ölçemez güýjüni milýon kilowat,
Söz-ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur.
Söz bar - kime şapbat,
Söz bar - kime bagt.
Dünýäde iň beýik şapbat şolaňky,
Şatlygymyzy siňdirýäris şolara,
Dünýäde iň beýik jepa şolaňky,
Hasratymyz siňdirýäris şolara.
Söz - bu gazap bilen çakan ýyldyrym,
Söz - bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir.
Başarmasaň - ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam - lowlap duran Günüňdir.
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Arap men sen onunde ba6ymy egyan dost. Men yonekeyje formada bolsa hem senin bilen aragatna6ykda bolup bilyanime buysanasym gelya!!!
-
hayran
14 years ago
- sag bol arap dost!
aýtsana ýokardaky durmuş hem-de aýallara degişme diýen goşgular soňlanman goýulanmy ýogsa soňky setirlerini özüň goşduňmy?
-
arapreyhan
14 years ago
- menin hic hili gosandim yok bu gosgilara,bulara bizin guyjumiz yetmez hayran dost..
-
hayran
14 years ago
- örän oňat goşgulary saýlapsyň .şeýdip bardygyňy bildireveri dst.
-
arapreyhan
14 years ago
- hovva hayran dost diysen govi gosgilar nesip bolsa izini uzmejek bolaris..
-
hayran
14 years ago
- şeýdeveri, hövri köp bolsun.bolmasa biraz içlerem gysjak bolyar.
-
arapreyhan
14 years ago
- aytdin gutardi hayran dost..
-
arapreyhan
14 years ago
- AÝRYLDYM
Bilbilem, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.
Ýara ýaraşar sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança,
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.
Şirin janda ýokdur takat,
Jebri anyň jana rahat,
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.
Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hoş owazly bilbilimden –
Şirin güftardan aýryldym.
Däli köňlüm arzymany,
Külli gözelleriň hany,
Sekiz jennetiň bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.
İlleri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
İli – gökleň, ady – Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.
Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyna destan,
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.
-
arapreyhan
14 years ago
- BARMY, ÝARANLAR
Yşk ýolun höwes eýläp,
Gelen barmy, ýaranlar?
Derdimni beýan etsem,
Alan barmy, ýaranlar?
Ýalan dünýäni ýaýnap,
Hem gezgil gülüp, oýnap,
Yşk gazanynda gaýnap,
Ölen barmy, ýaranlar?
Yşk duş bolsa bir merde,
Toz bolar, döner gerde,
Meniň deý özün derde,
Salan barmy, ýaranlar?
Bardy halym ölümge,
Tap etmeýen zulumga,
Ýyglamaýan halymga,
Gülen barmy, ýaranlar?
Magtymguly, jan çekse,
Rehm etmezler, ýaş dökse,
Yşkyň ýolunda ýoksa,
Talaň barmy, ýaranlar?
-
arapreyhan
14 years ago
- BULAR GELMEDİ
Geçi-gony birle gitdi Abdylla,
Hemme giden geldi, bular gelmedi,
Mämmetsapa gitdi kömek bermäge,
Uzadanlar geldi, bular gelmedi.
Enesinden aýra ýatmaz oglanlar,
Ýa, reb, gören barmy bulardan, iller,
Aýlanybam aýlar, dolanyp ýyllar,
Aýlar, ýyllar geldi, bular gelmedi.
Hassadan sagaldy zäher dadanlar,
Inji alyp geldi goýun güýdenler,
Alty aýlyk ýola – Käbä gidenler,
Hajy bolup geldi, bular gelmedi.
Yrakdan, ýakyndan baryp gelenler,
Barmydyr bulardan görüp, bilenler,
Hindistana bezirgenlik kylanlar,
Malyn satyp geldi, bular gelmedi.
Darydy bir doly, ýolykdy baran,
Birin ýurdy bilen eýledi weýran,
Birisiniň ýary yzynda haýran,
Gözleri ýoldadyr, bular gelmedi,
Ýykylanyň bagry ýerden galmazmyş,
Hiç baran gelmezmi, aglan gülmezmi,
Ötenden, geçenden sorsaň bilmezmi,
Bilinmezler geldi, bular gelmedi.
Magtymguly, derdi goýmaz ýatmaga,
Ugrun bilmen soraý-soraý gitmäge,
Ýerden jogap çykmaz habat tutmaga,
Gören-bilen barmy, bular gelmedi.
-
arapreyhan
14 years ago
- www.turkmenedebiyaty.com
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Arap dost 1 go6gyn awtory kim 6ol temada edil 6onun yalak gosgulan yygyndysyny nahili tapyp bolya aydayda?
-
arapreyhan
14 years ago
- “HALYL KULYYEW”
bolaymasa, tapsam adresine ugradarin nesip bolsa..
-
arapreyhan
14 years ago
- http://www.annagurban.com/tm/goshgular/
halkarahukukchy ine su sahipada bar ekeni elin degse barlap gor..
-
halkarahukukchy
14 years ago
- Bolya dost sagbol.wiy yogsada 6ol annagurban diyilyan sena daldirsinda?
-
arapreyhan
14 years ago
- yoklay ol yasi birneme uli adam adrese girsen suvrati hem bar eken..
-
hayran
14 years ago
- elleriňe saglyk arap dost.magtymgulyň şu aýryldym goşgusyny dolulygyna gözleýädim.
-
hayran
14 years ago
- arap dost gaýrat etde bilýän bolsaň magtymgulynyň:
zübeýda naçarym diňle,
kalbymda armanym galdy.
goşgysyny dolylygyna ýazsana.öňünden minnetdarlyk bildirýän.
-
bekmyrat
14 years ago
- Arap dost seniñ añyryñda ýazyjy, $ahyr garynda$yña ýokdurda hernä..! Tüweleme gowuja zatlar tapýañow!
arapreyhan 14 years ago- Biçäre
Gаdym eýýam...
Bаý sоrаnmyş mоllаdаn:
– Mеn sаňа ýüz tutýan, кyblаýy älеm.
Hаny sеnеm bir sоrаp gör аllаdаn:
Mеndе bir аýal bаr,
Оl sаñа mälim,
Muny iкi edip bоlmаzmy, tаgsyr?
Sеrpаýyñ tаýyndyr,
Gеtirlеr ertir.
Mоllа uzyn sакgаlyny sypаlаp,
Sакgаldаşnа jоgаp bеrýär şо bаdа:
– Оnкi süññe оnкi аýal аlmаly,
Şеýlе görкеzmе bаr biziñ hudаdа.
Bаýyñ bоlsа ýoк eкеni bir eli,
Аllаnyñ emri-dä...
Etjек nе çärе?
Оnbir аýal bilеn nеnеň ýaşаrка,
Bu dünýädе şumbаgt eкеn biçärе.