Finlanýandiýanyñ "Nokia" kompaniýasynyñ smartfonlaryny ulanýan 200 milliondan gowrak ulanyjy indiden beýläk telefonda gürleshen wagtlaryndaky çykdajylarynyñ möçberini ep-esli derejede azaldyp bilerler. Bu telefonlary öndürijiniñ Ovi serwisininde shu günden bashlap "Skype"-niñ VoIP-programmasy ishläp bashlar. Bu programmanyñ kömegi bilen bir smartfondan beýleki birine jañ etmek, "Skype"-niñ ýa-da kompýuteriniñ kömegi arkaly arzan bahadan amala ashyrylýar. Bu arzanladysh esasanam Wi-Fi birleshmesi ulanylanda has hem täsirli bolar. Hünärmenleriñ bellemegine görä, VoIP-programmasy telefon operatorlarynyñ gelejekdäki esasy bäsdeshlerine öwrüler.

Köneler, Rowshen-Jm tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir