Çeşme:Nesil gazeti. 2010-03-13. Size düşünýänler bar rubrikasyndan bölek "Biziň ýaşlara şöýgi babatda käbir durmuşy sowallar bilen ýüzlenesim gelýär: 1. Siz söýginiň pynhan bolmaagyny isleýärsiňizmi? 2. Siz öz göwün beren gyzyňyzyalňyşmakdan gorarsyňyzmy? Ýagny bu meselede oňa hut öz doganyňyz ýaly, naçar garaýaňyzmy? 3. Halaýan gyzyňyz sözüňizi kabul etmese, sizde oňa bolan ýigrençe, göriplik döreýärmi? 4. Siz bir gyza söz aýtmakçy bolanyňyzda, söýüşmek hakda oýlanýarsyňyzmy ýa-da onuň bilen ýaşaşmak hakda? 5. Ýigitler gyz alyp gaçjak mahaly öz gyz uýalarynyň şu ýagdaýdaky halyny göz öňüne getirýärlermikä? 6. Durmuşa gaçyp gitjek gyz yzynda galan ene-atasynyň, gyzyl ýüzli agalarynyň soňky ahwallary hakynda oýlanyp gördülermikä? 7. Durmuşa çykan gyzlar, ýagny gelinler gaýynenesi, gaýynatasy bilen bile ýaşasalar gowy görýärlermi ýa-da aýry? Näme üçin? 8. Şäherli gyz söýgüli ýigidi bilen çöl obasynda hem ýaşamaga taýýarmyka? 9.Söýgi bäbit aramaýar. Bu meselede seniň pikiriň nähili? 10. Söýgi üýtgäp bilermi? Ýagny sen ýaşlykda birini, soň birini söýüp gördüňmi? Onda olaryň haýsysy hakyky söýgi? Söýgi bir bolmaly dälmi? Ýaşlarymyzyň şu sowallara berjek jogaplary söýgi hakdaky pikirlerini doly açyp görkezer diýen tamamyz bar. Atamyrat Şagulyýew,žurnalist Okamadyklar özüňize şu soraglary berip görüň! Oýlanyň! Belki siziň durmuşyňyzda täze üýtgeşmeler bolar?!

Köneler, owreniji tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir