EÝÝUP PYGAMBER (gysgaça)
Dini rowaýatlara görä, Ýakubyň neslinden bolan ýewreý pygamberleriň biri. Ol sabyrlylykda we çydamlylykda meşhur bolupdyr. Alla tagalla ony synamak üçin agyr kesele, dürli muşakgatlara sezewar edipdir /käbir rowaýata görä, ýerinden galyp bilmeýän bir kesel adama rehim etmänligi sebäpli/. Eýýup hemme kynçylyklary sabyrlylyk bilen ýeňipdir. Ahyrsoňy Alla ony bagyşlaýar, onuň öňünde bir çeşme peýda bolýar. Eýýup şol çeşmede ýuwnup, keselden gutulypdyr. Edebiýatda Eýýup sabyrlylygyň simwoly hasaplanypdyr...