Okap ýördim ýat ülkede,,ýat ýerde,
Günlerim gowudy ýokdyla kemi.
Paçtalýon öýmizden bir hat getirdi,
Küýsäp durkam maşgalamy,Ejemi.
Haty alyp gatyn açdym gyssanmaç,
Içinde alty söz,bardyla jemi.
Okadym,bu haty agam ýazypdyr,
"Inim,giň bol aldyrdyk biz Ejemi."
Asman inen ýaly boldy depämden,
Ýykyldym,almam kynlaşdy demimi.
Gözim ýaşly,öz-özime käýindim,
Okuw diýip,görmän galdym Ejemi.
Bir salym oturdym özime gelmän,
Maňlaýymda goýup,hatly elimi.
Gynandym,gyýyldym,ýandym,agladym,
Razy edip bilmänime Ejemi.
Ýürek ejizleýä dünýä sygamok,
Köpçilikde ýalňyz duýýan özimi.
Her gijeler,hudaýjandan dileýän,
Gaýtaryp ber,razy etjek Ejemi!
Jaýyň jennet bolsyn razy bol menden,
Gelip bilmänime ýazgarma meni.
Her gije asmana garap uklamda,
Eje,düýşimde bir göreýin seni!
aynura 3 years ago- 😪😥
Allajan ejelerimizden ayyrmasyn. gaty tasirli goshgy eken. sps awtor, okamda yuregim jiglap gitdi. Hemmamizin ejemizin yashy uzyn bolsun.