ABDYRAHMAN JAMY
Nureddin Abdyrahman Jamy
/1414-1492/
Horasanyň Jam diýen ýeriniň Harjert obasynda dogulýar. Kakasynyň ady Nyzameddin Deşti. Ol Yspyhanyň Deşt diýen ýerinde bolupdyr. Jamy ýaşlykda kakasy bilen Hyrata, Samarkanda gidip okap, ylym alypdyr. Jamy nagyşbendi meslegine girip, soň şonuň ýolbaşçysy bolýar. Ol Alyşir Nowaýynyň halypasy hem dostudyr. Jamy pars-täjik edebiýatynyň iň soňky uly şahyrydyr, şoňa görä oňa ''Hatamuşşuara'' /''Şahyrlaryň soňy''/ diýilýär. Ol Teýmurylar dinastiýasyndan Soltan Hüseýin Baýkaranyň döwründe ýaşapdyr. Jamy otuz ýedi sany eser ýazypdyr. Şolaryň iň meşhury Nyzamynyň ''Hamsasyna'' öýkünip ýazan ''Häft öwreng'' /Ýedi tagt/ atly eseridir. Muňa ''Leýli - Mežnun'', ''Ýusup-Züleýha'', ''Salaman we Ebsal'', ''Silsiletiz-Zeheb'', ''Sabhatyl - Ebrar'', ''Hyrednamaýy - Isgenderi'', ''Töhwetil ahrar'' poemalary girýär. Şahyryň ''Baharystan'' atly eseri-de meşhurdyr. Oňa halk arasynda Mollaýy - Jamyda diýilýär.