HUSUSY GREGARINLER


Wekilleri gurçuk, uzynja, togalajyk we küýze şekilli bolýarlar. Olaryň uzynlygy dürli görnüşlerinde 10-15 mk-dan 16-mm-e çenli bolýar. Içege içinde ýaşaýan görnüşleriniň osoblarynyň beden öň tarapynda içege diwaryna
ýapyşmak üçin çeňňejik-epimerit ýerleşýär. Gregariniň bedeni kutikula bilen örtülen. Bedeniň bili dürli görnüşlerinde bir ýa-da iki ýerinde
gasylan. Şunda organizm ýa-da iki bölekden (epimeritden we deýtomeritden) ýa-da üç bölekden (epimeritden, protomeritden we
deýtomerirden) durýar. Bedeni üç bölekden ybarat bolan görnüşler Cephalina diýen kiçi otrýadynda bolýarlar. Olar bogunaýaklylarda
mugthor bolup ýaşaýarlar. Asephalina diýen kiçi otrýadyň wekilleri gurçukşekilli bolup, olaryň bedeni bogunlara bölünmeýär. Gregarinler agyzsyz, anal deşiksiz, iýmitlenmek we dem almak bütin beden üsti bilen amala aşyrylýar. Hususy gregarinleriň köpelişinde ilki bilen iki sany osob birleşip, sizigini emele getirýär. Siziginiň bedeninde ýadrolar köp gezek bölünýärler, ösýärler, her bir ýadro gameta öwrülýär. Gamontlar jübütleşýärler we zigotalary emele getirýärler. Zigotalaryň (oosistleriň) içinde sporogoniýa geçýär. Netijede bir öýjükli organizmler-sporozoitler emele gelýärler. Bu organizmler ekskrement bilen daşky sreda çykarylýarlar we iýmitlik bilen ýene-de organizme düşýärler, içegelere baryp mugthorlyk edýärler.


Gurbanmuhammet KAKALYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir