Bazar Amanow Tejen etrabynda daýhan maşgalasynda 1908-nji ýylda eneden bolýar. 1924-nji ýylda Aşgabada gelýär. 1926-1929-njy ýyllarda Aşgabat teatr studiýasynda okaýar we ony gutaryp, Türkmen döwlet drama teatrynda artist bolup işe başlaýar. Ol türkmen sahnasynda Şahyryň (“Jahan”), Nedir şanyň (“Keýmir kör”), Osipiň (“Derňewçi”), Hysrow şanyň (“Hüýrlukga-Hemra”), Gully hanyň (“Aýgytly ädim”), Ýagonyň (“Otello”) we onlarça beýleki obrazlary sahnada dikelden ajaýyp artistdir. Şonuň bilen bir wagtda-da Bazar Amanow “Zöhre-Tahyr” (1937, H.Çaryýew bilen), “Aýlar” (1963), “Keýmir kör” (1940, G.Burunow bilen), “Kemine” (1942), “Soltan Sanjar” (1946), “Aýazhan” (1961), “Mollanepes” (1963), “Hazynalar adasy” (1967) pýesalaryny döretdi.

Onuň “Zöhre-Tahyr” (1937 ý.), “Kemine” (1942 ý.), “Mollanepes” (1963 ý.) dramalary köp ýyllaryň dowamynda sahnadan düşmän oýanalan eserler boldy. Aýratyn-da B.Amanowyň G.Burunow bilen ýazan “Keýmir kör” atly taryhy dramasy türkmen teatr sungatynyň altyn fonduna ymykly giren eser boldy. “Keýmir kör” indi 50 ýyldan-da köp wagt bäri sahnadan düşmän gelýän dramadyr.

Türkmen filmlerinde: “Prokurorda” Sapar baýyň, “Aýnada” esen baýyň, “Çopan oglunda” Nepesiň we başgalaryň hem obrazlaryny döretdi.

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir