Aýal-gyzlar ýetip gelen baýramyňyz bilen! Söýgi, bagtly ömür, Şadyýanlyk arzuw edýän!
Aýal-gyzlar ýetip gelen baýramyňyz bilen
-
kapriz
14 years ago
- owreniji !sagja bol ,minnetdar!arasynda gyzlara sheydip yakymly zat edip duruňhow.bolmasa yere sokdulara bizi.
-
gerekli
14 years ago
- salam hemma.talyplardaky gelin-gyzlary, enelerimizi 8-nji mart bayramy bilen gutlayan.okuwunyzda ,ishinizde ustunlik arzuw edyan.onunizde goyan maksatlarynyza kyncylyksyz yetmeginizi arzuw edyan
-
kapriz
14 years ago
- gerekli!sagja bolkabul etdim gutlagyňy
-
owreniji
14 years ago
- Bu gün baýram,
Bu gün toýy gyzlaryň.
Shatlyk sechar
türkmen gözel gyzlary :-)
-
Myjy
14 years ago
- Arzuwsyz durmushyñ manysy barmy arzuwsyz göwrede ýürek urýarmy arzuwy özine etmedik aýan meger ady ynsan özi gurynsan.
Gözeller hemmäñiziñ ýürekde beslän arzuwlaryñyz hasyl bolsun.
-
tusse
14 years ago
- menem hemme ayal gyzlarymyzy yetip gelen bayramçylygy bilen gutlayan. durmuşda üstünlik arzuw edyan.
-
owreniji
14 years ago
- Kerim Gurbannepesw
8-nji mart degişmesi
Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda
“Heleý” diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?
Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.
Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
“Bärik gel-eý!” diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.
Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip “gel-eý!” sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş “heleý” sözi...
Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.
“Ogulsapar jan” bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa “Gel-eý, Gel-eý!” diýip,
“Heleý” adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.
Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bilen garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.
Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.
...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.
Gülüň! Gülüň! Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.
Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.
-//- -//- -//-
Ýeke ses hakynda
Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
“Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?”
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.
Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa:
Birisi diýipdir: “Beýle zat bolmaz!”
Biri: “Bolar!” diýip çykypdyr garşy.
Birisi sorapdyr: “Nämüçin bolmaz?”
Beýleki sorapdyr: “Nämüçin bolar?”
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.
Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?
Ol Ses täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem, öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdrlyk üçin ýazyldy şygyr.
-//- -//- -//-
Söýgi şerti.
Gözel gyzlar, juwan gyzlar
Gül ýüzli hoş-zyban gyzlar.
Bir rowaýat aýdyp berjek
Gadym, gadym zaman gyzlar.
Bolanmyşyn zyba peri
Dakynan eken tylla zeri
Ýöne welin ýaman ýeri
Oýnar eken ýigitleri.
Söýgi biziň ýolumyzda,
Gurlup goýlan sessiz gapan
Heý barmykan dostlar oňa
Düşmän sypan, aman sypan.
Söýgi atly şol gapana
Düşenmişin garyp çopan
Garyp çopan çöküp dyza
Diýenmişin zyba gyza:
Tä, habarymy alýançaň
Dönmerin gyz, dönmen yza
Isle ur ýa gapa gul et
Şonda-da dönmerin yza.
- Bir şertim bar synap görjek
Söýýänligiň çynyň bolsa
Şol minaradan özüň okla
Söýýänligiň çynyň bolsa.
Ol minara belent eken
Depesi baryp göge ýeten
Gözi bilen ölçäp ony
Ýylgyrypdyr garyp çopan.
Her ädimde yza garap,
Her ädimde gyza garap
Çopan gidýär – assa ýöräp.
Gyz begenip tapanyna,
Oýnamagyň çäresini,
“Hany bar, nädýärkä?”- diýip,
Iberipdir jorasyny.
Bir salymdan jorasy hem,
Ylgap gelýär sojap- haşlap,
- Ol-a eýýäm ölüp ýatyr
Minaradan özün taşlap....
Ol gyz ylgap baryp görse,
Çopan oglan läş bolupyr.
Urunsa-da eýläk-beýläk
Nätjek! Boljak iş bolupdyr.
Ol gyz hem özün oklapdyr,
Şol minaraň depesinden
Bular şeýdip dynypdyrlar
Bu dünýniň nepesinden.
Gözel gyzlar, juwan gyzlar
Gül ýüzli hoş-zyban gyzlar
Siziň gödek oýnuňyzdan
Aman-aman, aman gyzlar.
owreniji 14 years ago- 8-njy gutly bolsun!