Geliň türkmen dilinde elektron kitaplarymyzy köpeldeliň. ( Haýyş soňyna çenli ýaltanman okaň we teswir ýazyň)

Salam hormatly saýt agzalary we okyjylary ! Bu blogy ýazmagymyň sebäbi özümi ýa-da haýsydyr bir zady reklama etmek däl. Bu blogy ýazmagymyň esasy maksady türkmen dilinde elektron kitaplary köpeltmek.

Turuz.com saýtyna girip gördüňizmi? Indi vpn ly girip bolyar . Şonda-da vpn işleýän wagty girip görüň ökünmersiňiz. Näme bardyr öýdýäňiz ol saýtda . ELEKTRON KITAPLAR . Maşallah ol saýtdaky kitaplary göräýdä dili başgada bolsa alasyň gelip içiň gyjyklap durda özem mugt.

Teklibim geliň şeýle saýdyň ýagny kitaphana.net saýtyny ösdüreliň. Içi elektron kitapdan dolup dursun. Halkymyz ondan mugt peýdalansyn. Her kim azajyk goşant goşsa bolar Enşalla. Şu saýtdakylaryň köpüsi tüweleme ýazyjy-şahyrlar . Hormatly galamdaşlar! Siz öz ýazan goşgylarňyzy , hekaýalarňyzy we ş.m eserleriňizi bir ýere jemläp elektron kitap görnüşinde ýazyp beýlekiler bilen paýlaşyp bilersiňiz . Diňe goşgy ýa-da hekaýa däl öz halaýan mowzuklaryňyzy hem elektron kitap görnüşinde ýazyp bilersiňiz . Elbetde elektron kitaplary ýazyp bilýänler araňyzda juda kän . Eger elektron kitap ýazyp bilmeýän bolsaňyz . e-kitap ýazmagyň iň aňsat usulyny öwretmekçi . Indi internediň ösen zamanasynda elektron kitaplary ýazmak örän aňsat. Özem vpn-syz mugt telefondan hatda internetsiz elektron kitap ýazyp bolýar. Onuň üçin :

1. Google play marketden " Microsoft Office " pragrammasyny ýüklemeli.
2. Microsoft office pragramma girmeli .
3. Goşmak + basmaly
4." Word,excel, power point " girmeli.
5." Blank dokument " basmaly.
6. Ýazgyňy ýazyp ✔ basmaly .Pdf formata geçirmek üçin dikligine üç nokadyň üstüne basyp (internedi açyp) "Share as PDF " basmaly .

Berekella eýýäm siz word formatda elektron kitap ýazmagy öwrendiňiz. Görşümiz ýaly elektron kitap ýazmak örän aňsat. Galan zatlaram şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan öwrenenibermeli.

Indi ýazan elektron kitaplary nirede goýup beýlekiler bilen nädip paýlaşmaly?

Men size elektron kitaplary paýlaşmagyň üç ýolyny salgy bermekçi.

1. Google drive

Google drive arkaly siz öz suratlaryňyzy aýdymlaryňyzy, elektron kitaplarymyzy,pragrammalaryňyzy ynamly ýerde saklap şol faýllaryňyzy beýlekiler bilen paýlaşyp bilersiňiz . Giňişleýin maglumat okamak üçin aşakdaky salga giriň.

https://bloglar.ru/news/589-google-drive-surat-a-dym-programma-e-kitap-klemek-we-pa-la-mak.html

2. Kitaphana.net 91.bega@gmail.com elektron poçta ugratsaňyz biz siziň elektron kitaplaryňyzy kitaphana.net saýtynda goýup bereris.

3. Bloglar.ru
gerceknazar96@gmail.com elektron poçta ugratsaňyz biz siziň elektron kitaplaryňyzy bloglar.ru saýtynda goýup bereris. Habarlaşmak üçin tel nom +993 65 22 89 52 (imodan hem ugradyp bilersiňiz)

Ine bar ýazjaklarym şulardan ybaratdyr . Üns bilen soňuna çenli okanyňyz üçin sag boluň .

Hormatlamak bilen : Gerçeknazar Amannazarow .

Sorag-jogap, Gubadag_A.Alayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir