Islenmez ýürekde ne seň işiň bar,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.
Ol söýmese ýene söýjek kişiň bar,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.

Ýalbaryp dyzyňa çökseňem bolmaz,
"Sen meniňki bolaý?!" sözüňem almaz,
Ýöne kalbyň sözi ýerde-de galmaz,
Öküner söýgide oýun edýän bolsa.

Sen görmek islärsiň onuň keşbini,
Gurmagam islärsiň köňül köşgüňi,
Eger kabul etmäýende yşgyňy,
Sen ony zor bilen söýdürjek bolma.

Bu gün ýalan bilen seniňki bolsa,
Ertir gidip birden özgäňki bolsa,
Senem muňa dözmän gözleriň dolsa,
Zorlap söýdürmegin, söýmeýän bolsa.

Gitjegi saklama! Goý gitse gitsin,
Bir günlik däl, gözden ömürlik ýitsin,
Görkezen görgüsin özi hem çeksin,
Ökünip geler, öküneni çyn bolsa.

Sen aýtdyň, aýtjagyň söýgiň hakynda,
Ugrunda ylgadyň, gezdiň daşynda,
Olam aýdar bir gün, dikilip gaşyňda,
Eger kalpdan söýgi isleýän bolsa.

Diňeje sabyr et, durmuşyň ýaşa,
Bagtyň ýazdan gözle, ýetmäkäň gyşa,
Belki ýanyňdadyr, seretseň daşa,
Hiç kimi zorlama söýmeýän bolsa.

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir