UÇÝAR GARGA BIR GARGANYŇ ÝANYNA

Uçýar garga bir garganyň ýanyna,
Bir garga gygyrýar garga ýaryna:
Ýeri, garga! Bu gün näme iýerkäk?
Nirde näm bardygyny nirden bilerkäk?

Garga jogap berýär garga hemdemne:
Bilýän ýagşy aw bar, ýatyr bir bende -
Öldürlipdir bir batyr - bir merdana,
Läşi ýatyr selmeli ak meýdanda.

Kim näme üçin öldüripdir batyry,
Diňe laçyn bilýän onuň adyny.
Ýene bilýän ony bir baýtal - gylýal,
Ýene bir aýal.

Laçyn uçup gitdi gür jeňňellige,
Baýtalam düşüpdir düşmän eline.
Keýwanysy bolsa garaşýar öýde,
Merhuma däl, diri giden ýigide.

Aleksandr PUŞKIN

Atamyrat Atabaýewiň terjimesi

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir