Pygamberimiziñ (s.a.w.) wagtynda iki adamyñ arasynda sögüşme wakasy bolup geçdi. Olarda biri sögdi, ýöne beýleki adam dymdy. Aralarynda Pygamberimizem (s.a.w.) otyrdy. Soñra hälki dymyp oturan adam sögünçleri yzyna gaýtardy (sögdi). Pygamberimiz (s.a.w.) bolsa mejlisi terk edip daşary çykyp gitdi. Soradylar näme üçin turyp, çykyp gitdiñiz diýip. Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle jogap berdi:
"Perişdeler turdy, menem olar bilen bile turdym. Bu sögülen adam dymdygyça, perişdeler sögünen adama gaýtargy berip durlardy. Haçan-da sögülen sögene gaÿtargy berende, perişdeler turup çykyp gitdi..." (Ebu Dawud, Edep, II, 572).

Bilim, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir