Gözler belki aldaýandyram bizi,
Ähli zadyň gözelligini gör diýip.
Aýaklaram belki aldaýar bizi,
Ýalňyş ýola düşeli biz ýör diýip.

Ýürek belki aldaýandyram bizi,
"Han-ha barda ýalňyş ýary söý!" diýip.
Pikirlerem belki aldaýar bizi,
"Düş yzyna şoň ugrunda köý!", diýip.

Gulak hem aldaýar ýalňyş eşidip,
Ynanyp ýör her bir aýdylanlara.
Onsoň şo-ol eşiden zatlary üçin,
Bu kalba berip dur bir soňsuz ýara.

Başga-da köp zatlar aldaýar bizi,
Mysala alalyň ynsan dilini.
Synanyşsa-da dogrusyny aýtmaga,
Barybir ýeňenok äpet ýalany.

Ýörän ýollarmyzam üýtgedip ugrun,
Alyp gider ýalan tümlik içine.
Azaşdyryp şol ýalanly tümlikde,
Undylmajak urgy eder içiňe.

Durmuş edil küşt göçümi ýalydyr,
Ýeňilersiň ýalňyş ýere göçäýseň.
Onsoň ömürboýy şol ýalňyş bilen,
Nädäýersiň bir şem bolup öçäýseň.

Rahymberdi
Suhanow

Edebiýat, Durmus_Myradow tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir