Bolup ýörşüň hiç maňzyma batanok, Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum. Saňa akylam-a gelerçe boldy, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! Öz diýeniň tutup ýörseň elmydam, Päkmikäň öýdýärsiň hemmeden beter. Ýaşlygyňdan şeýdip ýörseň girrelip, Düşewüntli iş başyny kim tutar? Menem ýaş boluldym. Ýöne başlygym Un diýse un çekdim, gum diýse-de gum. Sen nireden boýnuýogyn doguldyň? Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! «Onuň tutýan ýoly, päli nädogry, Ol özünden başga bardyr öýdenok!» . Muny diýmek seň paýyňa düşüpmi? Näme üçin başga biri aýdanok? Saňa başda edep-ekram öwredip, Sypaýy terbiýe bermekçi boldum. Saňa diýdilermi — ýerine ýetir, Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum! «Ol adam itdenem beter ýaranjaň, Duşsa uly kärlä, guýruk bulaýa». Ýeri, seniň näme işiň diýsene, Seň özüň ýaranjaň bolmasaň bolýa. Işiň bilen bol-da, dogruja ýaşa, Senden tamakin däl köp zady göwnüm. Işiň şowuna bor, horluk çekmersiň, Hemme kişi ýaly bolaýsaň, oglum! Siz ýaşlar ýa baryp ýatan iş ýakmaz, Ýa ýürekde päklik ýokundyňyz kän. ...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket, Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm?
Belent Goşgular
-
alibet55
14 years ago
- yatdan bilyan yekeje goshgymam yok,yada yadyma dushenok,yogsam yazardym;)
-
Krasavchik
14 years ago
- я озабоченный!
-
WAMPIR
14 years ago
- Bet goşgy ekeni menä özüme aldym söýgülime iberjek :-D
-
shagyzy
14 years ago
- salam birinji goshgyny kim yazday??? yaman gowy eken,,,, 2nji goshgyna men bilyan men in soyguli shahyrym G.Ezizowyn goshgysy,,, a vot Ogul baradakyny bilemokda :(
eagle8 14 years ago- seni söýdim
seni söýdüm. söýüp bir gez beýgeldim
seni söýdüm. has giňedi bu dünýäm.
ol ýeňles gylygma gazaply boldym
öz durmuş ornyma indi düşünýän.
adamlara has ynamly garadym
ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
kyn pursatym medet berdi kalbyma
jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
kim men? şu günlere çen
seni söýüp kimdigimi bildim men
ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
diýdim “ejiz bu dünýäde söýmmedik”
seni söýüp göz ýetirdim bir zada
kynçylyk ýok
ejizlik bar dünýäde.