Golaýda Stambulda täze açylan söwda mer­keziniň açylyşyna dünýäniň iň uzyn we iň gys­ga adamy gatnaşdy. Ginnesiň bütindünýä re­kordlar kitabyna “iň uzyn adamy” hökmünde adyny ýazdyrmagy başaran, boýy 246.5 santi­metre ýetýän türkiýeli Sultan Köse bilen 74 santimetr boýy bolan He Pingping açylyşa gat­naşanlaryň üns merkezinden düşmedi.Olar Türkiýäniň dürli künjeklerinde geçiriljek birnäçe medeni çärelere bilelikde gatnaşar­lar. Metbugat işgärlerine beýanat beren iki dost bilelikde çykyş etmegiň örän ýakymlydygy barasynda aýdyp geçdiler. Şeý­le hem Kösäniň eli we dabany hem iň uzun hasaplanýar. Onuň eli 27.5 santimetr, aýagy­nyň dabany bolsa 36.5 santimetre ýetýär. Onuň boýunyň şeýle uzyn bolmagy lukmançy­lykda “pituiter girantism” diýlip atlandyrylýar. Yzygiderli boýy ösýän Köse 2008-nji ýylda be­jergi alanyndan soňra boýunyň ösmegi gal­dy. Hytaýda ýaşaýan 21 ýaşly He Pingping bolsa lukmançylykda “primordial” diýlip atlandyrylýan hassalyk sebäpli boýy ösmeýär. Ol doglan wagty adamyň aýasyna sygjak derejede kiçi eken.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir