1-nji bölüm
Meniñ adym Harry 28 yaşymda. Ejem bilen kakamyñ ýanyndan aýrylanyma 6 ýyl 3aý bolupdyr. Hazir olaryn yanynda kiçi jigim Walker bar ol 22 ýaşynda. Gurluşykda işleýardi hazir bolsa bilemok. Maşgalam hakda kän pikirlenmeyan we olardam hawar almayan. Ýalñyşmasam soñky gezek 4 ýyl mundan ozal poçta arkaly hal ahwal sorapdym. Men hazir şaherde ýaşaýan. Ne Aýalym bar ne-de çagam. Ilkinji gezek şahere gelenimde men şaheri görüp gözlerimi nace uly açsamda şaher gözume syganokdy. Şonda men bir çaýhana bardym. Ol ýerde bir salym oturyp yol demimi aldym. Soñ bir sany myhmanhana bardym. Şol yerde 1sany otag tutdym. 1 yarym aý şol yerde ýaşadym. Ol şahere men öwrenişdim. Iş tapdym. Tapan pulum ozime yetyardi we biraz artyardy.Gelen ýükleri wagondan düşürup sklada daşamalydy.Iş günortan başlayardy sagat 15:00-da we 23:00 çenli işleyardim. Iş yerimiz belli daldi. Bir yere toplanyardyk, onson alyp gidyardiler nirde iş bolsa. Men ol şaherde ozime 1zady endik etdim. Ýaşaýan ýerimin yanynda çaýhana bardy. Men çayhana gunde baryadym kitap okamak ucin. Ozime şert etdim gûnde 1sagat kitap okajak diyip. Edebi eserleri kop okayardym.
Günlerde bir gün çayhanada kitap okap otyrkam bir sany çaga çayhanañ öñüne gelip mana seredip durdy. Ol 10-12 ýaşly caga (oglan) menzeyardi. Menem ertirlik edinjek bolup çala bişirilen et we ýanynda çörek alyp onumde goydym. Eserin gyzykly yerini okaýyn son iyjek diyip durkam ýanky çaga et bilen çöregi ogurlap gitdi. Menem olary puluma alyana ahyryn. Ol çagany kowalap gitdim we kici köçanin ahyrynda tutdum. Şol wagt gaharym gelip gaty ses bilen "name ogurladyn" diyip gygyrdym. Eti we çöregi almadym ýanky çaga aglayardy. Şol wagt "Ejize ganym bolmaly dal" diyen soz yadyma dusup ony urmadym. Ol çagany çayhana getirdim. Soñ ona nahar iýdirdim. Son yanky oglandan soradym:
Men :Sen name ucin ogurlyk etdin?
Çaga : men men açdym
Men : Senin maşgalan nirde!? Olar sana seredenokmy!?
Çaga : yok olar aradan çykdylaarr (aglap aydypdyr)
Men : Name boldy olara?
Çaga : bir gun oyumuzde ýangyn çykdy, gije sagat 2lerde hemmamiz ýatyrdyk, men tusseden ýaña howa yetman ozimden gidipdirin. Gözumi açsam öýumizden galan zat dine diwarlar. Men daş towerekdaki adamlardan ejem bilen kakamy sorap başladym şol wagty biri :olaryn üstüne öýüñ diwarlary ýykyldy biz olara kömek edip bilmedik" diydi men şonda uly ses bilen " Ejeeeeee" ." Kakaaaaaaa" diyip gygyrdym. Aglamakdan demim içime düşdi,sesim kesildi,gözlerim gyzardy. 2-3 gün iymane zat tapman kän kösendim. Açlygymdan ölmejek bolup ogyrlyk etmane başladym.
Men : seniñ hiçkimiñ ýokmy!?
Çaga : ýok, bolsalar şeýdip yörmezdim!
Men: Gel sen men bilen ýaşa. Men sana okamany owretýan. Iş tapyp beryan!!
Çaga: bolya bolya name diyseniz etjek!!
Men: ýöre gitdik öye!
Ýolda barýarkam bir zat ýadyma düşdi oglanyñ adyny soramandyryn. Son soradym:
Men: seniñ adyn name!?
Çaga: adym James! Sizin adynyz name!?
Men:Adym Harry! Tanşanyma öran şat!!
James: Menem!!
Şeýdip öýe geldik. Oña öyi gorkezdim we 1sany otagy şoña berdim. Ol gaty begendi. Men egin eşik dukanyna bardym we oña laýyk egin eşik aldym. Getirip berdim. Ol begenjinden asmanlarda ucyardy. Ertiri oña iş tapyp berdim. Gazet-žurnal satyjy bolup işlap başlady. Gün batdy. Iş wagty gutardy. James öýe geldi. Men ondan 1nji iş gunin nahili boldy diyip soradym.
James: gaty gowy boldy!!
Men: Naçe gazet satdyn?
James: 63sany satdym. Başlyk berekella diydi.
Men: Berekella. Işiñi gouja ýerine ýetir sebabi sen pulunu alýan ýadyndan çykarma!
James: bolya Harry agam
Şeydip gouja gürruñleşip çaý içdik.
Onuñ ukusy geldi we oz otagyna gecdi. Men otyrdym iş hakda pikirlenip. Birazdan James aglap başlady. Menem name boldyka diyip ylgap otagyna girdim. Jamesden name boldy diyip sorasam: Ejem bilen kakamy goresim gelyaa" - diydi. Men name etjegimi bilman yanyna gecip onyñ yanynda ýatyp
oña gyzykly hekaya aydyp berdim.Ol onu diñlap uklap galdy. Üşümesin diyip üstini gowuja ýapyp onuñ otagyndan çykdym.Menem çyrany öçurup oz ýerime gecip ýatdym.

2-nji bölüm!
Aýlar geçdi ýyllar geçdi James hem ulaldy 17 ýaşyna ýetdi. Ol surat cekyardi. Gorsen hayran galdyrýa. Ýöne suratkeş bolmagy arzuw edenokdy.
Men hem öýlendim 2ýaşly gyzym bar. James meniñ doglan gunimde maña öz eli bilen çeken men bilen aýalymyñ suratyny sowgat etdi. Ol surat janly ýaly görunyadi. Ozine çekiji guyji bardy suratlarynda.
Jamesiñ oziniñ doslary bardy. Men onuñ doslaryny halamokdym. Jamesi idamokdym. Sebabi ol indi ozini başaryp bilyadi. Meniñem aladam ýeterlik.Günlerde bir gün men gije maşgalam bilen gezelenje cykdym. Elimde gyzym ýanymda aýalym men öran bagtlydym. Köçeden geçip baryadyk gülüşip yolda 4-5 sany adam 2sany 16-17 yasly cagalary uryardylar. Karzyñyzy haçan berýaniz diylen sesler eşidilýardi.Ol çagalary ölesige urup taşlap gitdiler. Bizem hic zat edip bilman öye geldik. Ertir James menden pul karzyna sorady. Menem bolia diyip berdim. Yene 2-3 gunden pul sorady. Bolya diyip yene berdim. Ay bu yagday birnace wagt dowam etdi.Ýene bir gun geldi ýene pul sorady,berdim. Son ol şunça puly name edyarke diyip yzyna düşdüm. Yzarlap bardym. James meni bilenok yzarlaýanymy. Bir sany adam geldi Jamesin ýanyna we oña bir zat berdi pulu aldy gitdi. James adamlaryn barmayan yerine yagny harabalyk yere gitdi. Menem yzarlap bardym. James ýanky adamdan alan zadyny jübisinden çykaryp bir zatlar etdi we yerde ýatdy. Aslynda James hem şol çagalary urup neşe maddalaryny satýanlaryñ toruna düşüpdur. Men öýe geldim. Öýiñ işlerini edyadim. Bir salymdan soñ James geldi. James bilen oturup çay içdik. Biraz söhbetdeşlik etdik:
Men : James sen indi öz-özini dolandyryp bilýañ. Sen ozine ayratyn öý tut we öz durmuşuny 0-dan başla.
James: Düşunmedim!? Siz meni kowýanyzmy?
Men: Yok, kowmayan . Meniñ indi öz maşgalam bar. Senem meniñ ýaly öz-özini dolandyr öýlen maşgala gur. Sen mana artykmaç ýük bolýañ!
James: Bolya, artykmaç bolsam gitjek ertir irden!.
Men: Meniñ sözlerimi göwnuñe alma. Meni hem düşün bolyamy!
James: Bolýa bolýa.
Dañ atdy. Irden tursam James zatlaryny alyp gidipdir. Men onuñ gidenine gynanamok. Sebabi şu gidişde gitse mana uly zyýan yetirip bilyadi. Men Jamesin otagyna girenimde stolyn ustunde mana hat ýazyp gidipdir. Hatda:
Gadyrly Harry agam,janyñyz sag bolsyn. Mana eden ýagsylyklarynyzy butin omrime utmaryn. Maşgalañyz bilen bagtly ýaşañ. Meniñ çeken suratlarymy göreniñizde meni ýatlap duruñ. Sagbolyñ agamjan köp köp.
Diyip hat yazypdyr.
Jamesin gidenine 2hepde boldy. Gyzym gürlap başlady. Ilki diyen sozi " eje" son "pişik". Öyde pişik bardy şol bilen kän wagt geciryadi. Ertir irden gyzym bilen oýnap otyrkam gyzym mana garaja,mahirli gozleri bilen seredip "kaka" diydi. Men ony gujaklap ogşamana başladym.
Işden ýadap gelyan. Gapyny açyp girenimden gyzym ylgap gelip meni gujaklayardy,ogşaýardy. Şo wagt endamymdaky bar ýadawlyk çykýardy. Gyzym bilen wagt gecirip James hem ýatdan çykyp gitdi. Indi meniñ bar aladam maşgalamdy.

3-nji bölüm.
11nji dekabr güni maña poçta geldi. Poçtany menin doganym Walker ýazypdyr. Poçtany açyp okap görsem noyabr aýynyñ 22-sinde kakam ýogalypdyr. Ejemem bolsa ýarawsyz. Walkeriñ hem derman almanada puly galmandyr. Son men maşgalamy alyp ozimiñ obama gitdim. Bardym hemme zat uytgapdir. Ejem oziniñ ilkinji agtygyny gördi,begendi. Men ejemin dermanlaryny alyp geldim. Lukman çagyrtdym. 2-3 günden son ejemin yagdaýy has gowy boldy. Yörap başlady. Öz agtygy bilen oynayardy. Olary görup meniñ çaga wagtym yadyma düşdi.
Meniñ pulum kandi. Walker jigime et dukanyny acyp berdim. Söwdasy wagtyñ gecmegi bilen hasda artyp başlady. Walker mana sagbol aytdy. Men bu işi öñ etmelidim. Yöne soñ edenimede begenýan. Sebabi men ozim baý ýaşap jigimi agyr işde işlemegini islemeyardim.
Birnaçe hepde gecdi. Walker indi taze dükan açmagyny meýilleşdirýardi. Men bolsa muña garşy daldim tersine name ýetmeýan bolsa kömek etjekdim.
Bir gun mana ozimiñ satyn alan gami duralgamda işleýan adamlardan hawar geldi. Meniñ däri daşaýan gamim ýarylypdyr. Bu bolsa mana maddy taydan uly zyýan yetirdi. Men hemme zadymy toplap aýalym bilen ýola düşdük. Gyzymy bolsa ejeme goýup gaytdym. Sebabi gyşda howa sowuk yolda üşimesin diyip goyup gaytdym. Bu ýagdaý wagtlaýynçady.
Ýolda barýardyk gyşyñ sowuk aýazy yüzûñi kesip gelýardi. Gar ýagýardy. Atlaryñ biri ýarawsyz ýagdaýda ýere ýatdy. Olary arabadan boşadyp, yolun gyrasyndaky agaja dañdyk.Daş töwerek garañkylyk. Soñra biraz ýöredik. Uzakda bir sany çalaja ýanýan yşyk gorundi. Biz ol ýere bardyk. Bir sany agaçdan ýasalan öýjagaz eken. Içerik girdik stoluñ ustunde biri yatyrdy. Kömekcime aýtdym bar gorhany dirimika diyip. Ol baryp seretdi yuzune gök urup açlykdan ölupdir. Oýuñ icinde hemme zat bardy. Biz ol ölen adamy kömekcim bilen öýden uzakrak ýerde jaýladyk.
Biz ol öýde dañ atýança boldyk. Gün çykdy biz atlaryñ ýanyna bardyk. Gijeki ýaraman galan at doñup ölipdir. Soñ biz ýola 3at bilen dowam etdik.
Günortana çenli öýe ýetip geldik. Ornaşyp dem dynjymy alyp men iş ýerime gitdim. Gamide işleýan adamlar ýangym nadip doranini bilmediklerini aýtdylar. Men gaharlanyp olary işden kowdym. Indiki mesele ýük daşamak üçin gami almalydy we ony işledýan gowy işçiler.

4-nji bölüm.
1hepdaniñ dowamynda gami aldym. Işçiler aldym. Indi iş hasda gyzgalañly dowam edip başlady.
Günleriñ birinde men Jamesi gördüm. Ol öñkisi ýaly daldi. James meni görüp ýanyma geldi. Ol bilen sagamanlyk soraşyp biraz işleri hakda soradym.
Men : James şu wagtlar name iş edýañ!?
James : Men şu wagtlar suratçylyk bilen meşgullanýan. Adamlar maşgalasynyñ ya-da özleriñ suratyny çekdirýarler
Men: gowy gowy. Sen şu wagtam ullanýañmy öñkilerden!?
James: yok yok. Men goydym.
Men: Goymagyña name sebap boldyka!?
James: Men bir gyza aşyk boldym!
Men : ooooo.
James : hehe. Ol gyz üçin men janymyda berýan. Iyul aýynyñ 13-inde toý tutýas sizem maşgalañyz bilen geliñ. Garaşýan!!!
Men: Bolya bolya baryas. Name kömek gerek bolsa çekinman soraber kömek etjek!
James: sagbolyñ agam!! Hiç zadam gerekdal. Siz toýumyza gelseñiz boldy.
Men : bolya. Hokmam baryan. James bolya sagbol soñ göruşýas su wagt işim bar. Oziñe gowyja seret!
James: Sagbolyñ!
Ine şeýdip James bilen hoşlaşyp öýe geldim.
Men Jamesiñ dogry ýola girenine begenýan. Şol Gyza aşyk bolmadyk bolsady bu wagt James köp jenaýata baş goşardy.
Ertir irden turdum. Çaý içdim. Bir salym pikirlenip balyk tutmana gitjek diydim. Hemme zady alyp ýola dûşdüm. Baryp kenarda hemme zatlary dogyrlap balyk tutmana başladym. Men tebigatyñ gözelligini synladym. Guşlaryñ sesi, suwuñ akymynyñ sesi gulaga ýakymlydy. Men günortana çenli oturup iki sany balyk tutdym. Olar kiçirak bolansoñ suwa taşlap gaýtdym. Öýe geldim, aýalym : Güniñiz nahili gecdi!?
Men : Gowy. Tebigata synlap geldim.
Aýalym: Balyk düşenokmy!?
Men : Duşdi. Kiçi bolanson suwa goyberdim.
Aýalym: Bolya. Harry!
Men : Name?
Aýalym:Men gyzymyzy göresim gelýar. Alyp gaýdaly!!
Men : Ýaz gelsin ,howa gyzsyn alyp gelýas ýene 1 aý garaş onsoñ gidýas.
Aýalym: Bolýa siz name diyseniz şo!
Gyzymy meniñem göresim gelýar ýöne şu ýerdaki işlerimi dogurlap alsam gitjek. Bir minudam şu ýerde durjak daldim.

5-nji bölüm!
Ýaz pasly geldi. Biz gyzymyzy alyp geldik. Gyzym ulalypdyr. Meniñ göwnūme gyzym öñki ýaly kiçidi. Indi biziñ hemme zadymyz bardy. Hiç kemçilik ýokdy. Her geçen günümiz düýnki güne seredeniñde has gowydy.
Aýlar gećdi ýyllar geçdi ine şeýdip gyzymyz hem ulalyp okuwyny tamamlady. Indi ol uly durmuş ýoluna taýyndy. Men hem garrydym. Diñe men daldim ömrüm boýy ýanymda bolan aýalym hem garrady. Biz ýönekeýje işleri hem başarmaýardyk. Işçiler sagbolsyn alan pulunu halal alýardylar. Öýüñ eýeleri garry diýip hiç bir zadymyzy hem ogurlamadylar. Gyzymyñ öziniñ söýen ýigidi bardy. Bizi ol oglan bilen tanyşdyrdy. Ol oglan gämi çykarylýan zawodyñ eýesi eken.
1-hepde geçmänke toý güni belli boldy. Toý 12-nji sentýabr senesinde bolup geçdi. Biziñ öýümiz indi gyzym gidenden bäri sessizlige uýgunlaşyp başlady. Gyzym bar wagty günimiz has gowydy.
Şeýdip aýalym infarkt keseline duçar boldy we aradan çykdy. Men bu ýagdaýy göterip bilmedim. 1 aýlap lukmanyñ göz astynda boldym. Gyzym meni görmane günde gelip gidýardi. Gyzym 2aýlyk hamylady. Men oña köp gezek aýtýardym öziñi ýadadyp meni görmäne gelme diýip ol meniñ gepime gulag asmaýardy.
Şu bolup geçen wakalaryñ hemmesini Harry aga ýazyja günuzynyñ dowamynda aýdyp berdi. Gün batandan soñ ýazyjy öýüne baryp baý Harry aganyñ başdan geçirenlerini bir eserde jemlemäge başlady. Eseriñ adyny bolsa "Gündelik durmuşym"- diýip atlandyrdy.

Bu eseri biraz uzaltjakdym yöne yazmana elim degenok şonuñ ucin tamamladym. Gymmatly wagtyñyzy gidirip okap baha bereniñiz üçin köp sag boluñ!!!!!!!!!!!

Edebiýat, Paris tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir