ÝAJUJ WE MÄJUJ TAÝPASY HAKYNDA

Siz Ýajuj-mäjuj taýpasy hakynda kän eşidensiňiz!
Yslam dininde ýatlanylýan Kyýamat gününiň öň ýanynda çykmaly şol taýpalar hakyndaky habarlar iniňi tikenekledýär.
Yslamyň easasy ygtybarly çeşmesi bolan Kurany Kerimde, Muhammet pygamberiň ygtybarly hadyslarynda ýajuj-mäjujlar hakynda habar berilýär.
Ýajuj-Mäjujlar hakynda gürrüň edilende Magtymgulynyň şeýle setirleri göwnebir hyýalyňa gelýär:

''Ýajuj-mäjuj diýgen bir turpa zatdyr,
Kap dagyny deşip gelse gerekdir...
/''Magtymguly'', Saýlanan eserler. Aşgabat 1993. sah-161/
- Hakykatdanam Ýajuj-mäjujlar ''Kap'' diýilýän dagyndan çykmaly diýip rowaýatlar habar berýär. Eger şeýle bolsa Kap dagy nirede? Ol nähili dag we ol nirede ýerleşýär?
Alymlaryň aýtmaklaryna görä bu dag Kawkaz daglary ýa-da Afrikanyň günortasyndaky dagyň ady hasap edilýär. Yslam alymlarynyň kitaplarynda bolsa Horasan daglaryna Kap dagy bolaýmasyn diýen ýaly pikirler agdyklyk edýär.
Kuranda şeýleräk bir wakadan söz açylýar. Ýagny, Isgender Zulkarneýn (Bu Aleksandr Makedonskiý däl, megerem bu Oguz han - a.b) atly şahsyýet köp ýerleri basyp alyp Gündogara tarap barypdyr. Ol şonda Ýajuj-mäjuj atly wagşy taýpalaryň ýaşaýan ýurduna golaý gelipdir. Ol taýpanyň serhetleriniň çäklerinde bolsa medeniýetli halk bar eken. Şol medeniýetli halk ýajuj-mäjujlardan zyýan görýär ekenler. Isgender Zulkarneýin şol taýpanyň üstüni berkidip diwar salyp petikläpdir. Şondan bärem şol taýpa diwaryň astynda gabalyp galypdyrlar.
Ýöne näme üçindir Magtymguly-da bu ýajuj-mäjujlar kap dagyny deşip çykýar?

Şol üýni eşidip Ýajuj kyrk ýyldan,
Kap dagyny deşip geler bir ýerden,
Ýok eder zat goýmaz pany dünýeden,
Haýhat günden zulmat günden aman heý...
/Magtymguly. Saýlanan eserler. Aşgabat 1993. sah-165/
Magtymgulyda Ýajuj-mäjujlar diwary deşip çykman Kap dagyny deşip çykýar!
Kurany kerim bolsa petiklenen diwardan gürrüň edýär...
Muňa öz çaklamalary bilen çykyş edýän alymlaryň aýtmaklaryna görä bolsa Ýajuj-mäjujlar belkäm Tatar halky, çekilen diwara bolsa Hytaý diwary diýip hasaplaýarlar... Ýöne bu pikir nä derejede dogry. Muny bolsa bilemizok...
Yslam rowaýatlary ýajuj-mäjujlaryň Ahyrzamandan öň, Deçjaldan bolsa soň şol diwary deşip çykjakdyklaryny habar berýär. Mahmyt Zamahşarynyň ''Ýahşyzadalaryň Bahary'' atly kitabynda berilýän bir maglumatda ýajuj-mäjujlaryň boýunyň üç garyşa barabardygyny nygtaýar.
Türkmenleriň arasynda açgözlik bir edýän garagollyk edýän, aýdylany ýokmaz çagalara ''Äjit-mäjitler ýaly bolup ýörmäňde akylly, edepli boluň'' diýip sargaýandyrlar. Ana şol Äjit-mäjitler arapça belkäm ''Ýajuj-mäjuj'' sözli bilen manydaş bolsa gerek.
Hakykatdanam Äjit-mäjitler hakyndaky rowaýatlarda; olaryň Ýer ýüzüne aýlanyp näme bolsa ýalmap-ýuwutjakdyklaryny, ýerde derýa, deňiz, umman suwuny içip tüketjekdiklerini öwran-öwran aýdyp geçýär...
Olar haçanam bolsa bir wagt şol petigi deşip çyksalar Musulmanlaryň Altyn asyry syndyrylýar we ýäjuj-mäjujlar adamlara topulýarlar, şonda adamlar olar bilen söweşip olary öldürmeli. Şonda ýajuj-mäjujlaryň biri ölse, ýerine on sanysynyň täzeden çykýandygyny Magtymguly aýdyp geçipdir:

''Ýajuj-mäjuj diýerler,
Bir-birini iýerler,
Birin-öldür goýarlar,
Bir ýerine on dörär''

@Jeksparro

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir