Kalbyň rahatlygyny gazanmak üçin bu endikleri öwrenmeli we howlukmaçlykda köplenç ýatdan çykarýan birnäçe möhüm zatlary ýada salmaly.
1. Diňe hakykatdanam möhüm zatlara üns beriň. Dykylan aşhana turbasy hakykatdanam dünýäniň soňuny aňladýarmy? Kafedäki nätanyş adamyň saňa ýylgyrmandygyny bütin ömür ýadyňda saklamalymy?
Keýpimiz erbet bolsa, negatiw hadysalara üns bermäge ýykgyn bolýarys. Indiki gezek haýsydyr bir sebäbe görä kelläňizi tutanyňyzda, hakykatdanam bu şeýle gymmatlymy diýip soraň.
2. Özüňiz bilen ýeke bolmak adaty we zerur. Käwagt diňe bir ädim yza çekilmeli we bir ýagdaýa, gatnaşyklara ýa-da umuman durmuşa täzeden garamaly bolýarys. Kyn dawa ýa-da aýralykdan soň adam ýeke wagt geçirmeli, iň gowy dosty bolmaly. Biraz wagt özüňiz bilen bolmak zerur bolsa, şol wagty alyň. Meditasiýa, özüňizi täzeden gözden geçirmekde we düşünmekde ajaýyp kömekçi bolar.
3. Hemme zady gözegçilik astynda saklamak mümkin däl. Durmuşyňyzdaky ähli wakalary çaklap bilmersiňiz. Hemme zady takyk jikme-jik meýilleşdirmek hem gaty kyn, käwagt diňe mümkin däl. Pursatdan peýdalanyp, ýagdaýy üýtgediberiň. Meselem has akylly we hemişe has gowy jogap tapmak. Öňünden, meselem, aňyň aýnasy usuly bilen islenýän netijäni meýilleşdirip bilersiňiz.
4. Beýleki adamlaryň pikiriniň ähmiýeti ýok. Käwagt beýleki adamlaryň pikirlerine gaty garaşly bolýarys. Bu endik, özümizden başga hemmeleriň göwnünden turjak bolýan derejä ýetip biler. Düşünjäňizi diňläň we başgalaryň reaksiýasyna garamazdan, ilki bilen özüňize dogry görünýän zady ediň.
5. Zähmet çekiň. Size köp many berýän bir zat üçin göreşýän bolsaňyz, 1, 5 ýa-da 10 gezek negatiw jogap alanyňyzda hem ýüz öwürmäň. Esasy maksadyňyzy ýada salyň. T. Edisson dünýädäki ilkinji akkor lampany oýlap tapmak üçin 10 müň synag geçirdi.
6. Ähli soraglaryň jogaplaryny bilmeli däl. Hiç birimiziň durmuşyň öňünden kesgitlenen kartasy ýok. Biz hemişe öwrenýäris we ösýäris. Durmuşyň özi syr. Wagtal-wagtal näbellilik duýmak adaty zat.
7. Özüňe ýeterlik. Ähtimal, her birimiziň pikirimiz bar: "Men ýeterlik akylly däl, ýa-da owadan däl, ýa-da _____ edip biljek derejede güýçli däl." Çäklendirýän ynançlary emele getirmegiň ýerine täze häsiýetleriňizi beýan etmäge mümkinçilik beriň. Ýaramaz ynançlary pozitiwlere üýtgediň. Özüňizi gowy ýagdaýda we gowy keýpde saklamak üçin gündelik tassyklamalaryň güýjüni ýadyňyzdan çykarmaň.
8. Häzirki wagtda ýaşa. Geçmiş hakda pikir etmäň ýa-da geljegiňiz hakda alada etme.
9. Duýgular we aladalar sizi öldürmez. Aýralyk, gynanç, depressiýa ýa-da gahar-gazap doly güýçsizlik, umytsyzlyk we gorky duýgularyny döredýär. Etmeli zadyňyz, özüňizi bir ýere jemlemek we wakalaryň iň gowy netijesini meýilleşdirmek. Bu durmuş sapagy we tejribesi üçin sag bolsun aýdyň we dowam ediň.
10. Biziň hemmämiz adam. Bu iň möhüm ýatlatma bolsa gerek. Ýalňyşlyklar etdik, edýäris we dowam ederis. Başga adamlara zyýan berip bileris, beýleki adamlar hem bize zyýan berer. Elmydama özümizi bagtly we oňyn duýmarys. Indiki gezek özüňizi men-men duýsaňyz, kämil däl adamdygyňyzy ýada salyň. Ruhy tejribeleri ýaşaýarys we başdan geçirýäris.
yashalym 3 years ago- Minnetdar. Berekella. Durmuşuňda islendik ýerde (zatda/wagtda) üstünlik !