“Müminiň her haly haýyrlydyr. Gözüniň öňünde bir nebis jan berse-de, ol ýene Allaha şükür eder.” (Nesaýi, Jenaiz, 13; Ahmed b. Hanbel, Müsned, 3/297).
Müminiň her haly haýyrlydyr…
-
kisa
15 years ago
- berekella şakird.munuň ýaly terbiyeleyji zatlary kän yazyp dur.biz hem geljekki ene-ata.men-äää bu zatlary okap,özüm ü-n gowy netije çykardym.bu zatlary göz öňüne tutarys.
-
dereksiz
15 years ago
- shakird aga sen ozun yazyp gachyanlay,geldahow,pikir alyshalyda,belki kabir bilmeyanlerimiz dushundirersin,we sh,m
şakird 15 years ago- Bir gün Allahyň Resulyna (s.a.w.) ölüm ýassygynda ýatan bir gyzjagazy getirýärler. Resulullah ony bagryna basýar, soňra ellerini onuň başynyň üstüne goýýar. Allanyň Resulynyň gözleriniň öňünde gyzjagaz amanadyny tabşyrýar. Ümmü Eýmeniň saklanyp bilmän aglaýanyny gören Resulullah ondan: “Näme üçin aglaýaň?” diýip soraýar. Ol: “Resulullah aglaýaka, biz name üçin aglamaly…” diýip jogap berýär. Pygamberimiz: “Men aglamok, bu gözýaşlar rehmediň we mähriň alamatydyr” diýýär. Soňra-da şu hadysy gürrüň berýär:
“Müminiň her haly haýyrlydyr. Gözüniň öňünde bir nebis jan berse-de, ol ýene Allaha şükür eder.”
Iman durmuşyň her öwrüminde, her pursatynda müminiň dadyna ýetişer. Bu dünýä we onda bolup geçýän hadysalar bir gün bize gülüp baksa-da, ýene bir gün ýowuz öwsen şemalyň şarpygy bilen sarsýarys. Käwagtlar belalar çabga bolup dökülýär üstümizden, käwagt hem bereket, bolluk we dynçlyk, rähnet dolýar durmuşymyza. Hakyky mümin kynçylyklaryň garşysynda mertlik we sabyrlylyk bilen durmagy başarar.
Allanyň Resuly (s.a.w.) mähir-mylakata ýugrulan, inçe duýgulara eýe adam bolupdyr. Namazyny okaýaka aglaýan çaganyň sesini eşitse, şol çaganyň ejesiniň çagasy üçin edýän gaýgysyna dözmän, iki büklüm bolup, hat-da gözüniň röwşenine deňän namazyny hem çalt-çaltdan okan diýseň merhemetli we mähirli adam… Ynha şol Merhemetliniň gözüniň öňünde bir çagajyk amanadyny tabşyrýar. Şeýle kalby duýgur, mährem, merhemetli adamyň mundan nähili täsirlenjekdigini göz öňüne getirip görüň. Şeýle ýagdaýda-da, iman sütünine pugta ýapyşyp, Allahyň ýazgydyna razy bolmak, aslyýetinde haýyrsyz ýaly görünýän bir işiň hem arkasynda haýyrly bir hikmetiň bardygyny ýatlap, Ýaradanyň islegine kaýyl bolmak hem bir nygmatdyr.
Bu dünýäde örän köp adam perzentleri bilen synag edilýär. Aslyýetinde, perzent Allahyň ynsana peşgeşi, oňat adam edip ýetişdirmek üçin bize berlen amanat dälmi?! Perzentlerimiz ýagty ýalançydan aýrylanda “Berenem Sensiň, alanam Sensiň, eý Allahym!” diýip bilmeklik, ýazgyda razy bolmaklyk, şeýle-de dady-perýat edip, saçyňy ýolup ýörmezlik, ýazgytdan nalamazlyk mümine mahsus sypatlardan biridir.
Hawe binti Hakim (r.a.) gürrüň berýär: “Günleriň birinde Resulullah (s.a.w.) gyzy Fatymanyň bir ogluny gujagyna alyp öýden çykdy. Ol agtyjagy bilen sözleşýärdi:
“Siz eýjejikler, siz sebäpli ene-atalaryňyz gysgançlyga, gorkaklyga, nadanlyga ýüz urýarlar. Siz bolsa Allanyň reýhanlarysyňyz.” (Tirmizi, Birr, 11)
Allanyň Resuly (s.a.w.) çagalary söýmegi, ogşamagy, olary mähir bilen gujaklamagy buýurýar. Şol bir wagtyň özünde-de, olaryň bu dünýäde biz üçin synagdygyny ýatladýar. Ýokardaky hadysa görä ene-atalaryň çagalary sebäpli şu ýalňyşlyklara düşmegi mümkin:
1. Perzendiniň geljegi barada alada edýän diýip gysgançlyga ýüz urup, zekat, sadaka ýaly haýyrlardan gaça durmaklary mümkin;
2. Perzentlerine bolan çendenaşa söýgüsi olary öýlerinden uzak diýarlara haýyrly işler üçin gitmekden saklap biler;
3. Perzentleri oary gereginden artyk gümra eder. Bu sebäpden olar özlerini aň-düşünje, sowatlylyk babatda kämilleşdirip bilmezler. Döwrüň talap edýän ylymlaryny, hünärlerini öwrenip bilmezler we bu hem olary nadanlyk diýilýän belanyň gujagyna iter.