energetika bn gyzyklanyanlar un... Energetika serişdeleriniň bahasynyň gymmat­lamagy bu baýlygy daşary ýurtlardan satyn al­ýan döwletleriň bu ugurda dürli çeşmeleri gözläp tapmagyna itergi berýär. Bu babatda gün energiýasyndan hem giňden ulanylmaga çalşylýar. Bu ugra uly üns ber­ýän Hytaý 2020-nji ýyla çenli sarp edilýän energetika serişdeleriniň 15 göterimini gaýta­dan dikeldilýän energiýadan peýdalanmagy maksat edinýär. Bu ýurtda häzirki wagtda ABŞ-ly bir şereket tarapyndan gün şöhlesin­den peýdalanyp energiýa öndürjek beket gu­rulýar. On ýylyň dowamynda guruljak bu be­ket gurlup tamamlanandan soňra dünýäde gün energiýasyndan peýdalanýan iň uly des­ga bolar. Hytaýyň demirgazygynda guruljak bu bekediň ýyllyk potensialy 2 gigawatta barabar bolar. Häzirki wagtda bu ýurtda gün şöhlesini ulanmak arkaly 90 megawatt elektrik energiýasy öndürilýär. Bu mukdary 2011-nji ýylda 2 gigawatta, 2020-nji ýyla çenli bolsa 10-20 gigawatta çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. 13 December 2009, Sunday

Köneler, dereksiz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir